Siriýada Ýer Titremesi Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy

Siriýada Ýer Titremesi Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy

Güýç merkezi Kahramanmaraş bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremesi sebäpli Siriýada ýogalanlaryň sany 2 müň 530, ýaralananlaryň sany 4 müň 645 adama ýetdi.

Siriýanyň Idlib, Halap, Hama, Latakiýe we Tartus welaýatlarynda 6-njy fewraldan bäri gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Siriýada Asada tabynlykly güýçleriň SANA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, ýer titremesinde Halap, Latakiýe, Hama we Tartus welaýatlarynda 1250 adam ýogaldy, 2 müň 45 adam ýaralandy.

Siriýanyň demirgazygynda oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky sebitlerde hem köp sanly bina ýykyldy.

Oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky sebitlerde, Siriýanyň Idlib, “Ýefrat Galkany” we “Zeýtun Şahajygy” operasiýalary zolaklarynda azyndan 1280 adam ýogaldy, 2 müň 600-den gowrak adam ýaralandy.

Ýene degişli makalalar

PKK/ÝPG-li 13 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Siriýanyň we Yragyň demirgazygynda 21 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Siriýanyň demirgazygynda bir esger şehit boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär