Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar

Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar

Siriýa ozalkylaryna görä birnäçe wagtdan bäri asuda bolan hem bolsa, soňky hepdelerde dartgynlaşmaga başlady. Ilki hökümetiň gözegçiligindaki etraplarda yzly yzyna ýörişer başlady. Esasanda Suwaýda sebitinde. Soň hökümete degişli güýçler we rus harby howa güýçleri İdlibi bombaýarka. Yndi bolsa Deýrezzorda arap taýpalary PKK/ÝPG-ä garşy pitne turuzdy. Bularyň ähli ýurtdaky bar bolan status-kwonuň dowam etdirilmesizdigini görkezýär.

SETA-nyň daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Siriýa soňky aýlarda ozalkylara görä asudady.Bir tarapda Türkiýäniň täsiri astyndaky oppozision etraplar, beýleki tarapda Russiýanyň we Eýranyň goldawy bilen hökümetiň gözegçilik edýän ýerleri we ABŞ-nyň hemaýatynda hereket edýän terror guramasy PKK/ÝPG-ä degişli etraplar. Ýurtda şol güýçleriň gözegçiligi astynda status-kwo panoramasy höküm sürmäge başlapdy.

Türkiýe giňişleýin harby operasiýalaryny bes edipdi, hökümet oppozisiýany nyşana almaýardy.PKK/ÝPG bolsa ABŞ-nyň gözündäki abraýyny artdyrmak üçin tagalla edip, syýasy taýdan güýçlenmäge çalyşýardy.

Emma bar bolan dinamikalaryň ýurduň demografiýasy, sosiologiýasy we ýerlerdäki hakykatlary bilen bap gelmeýandigini ýene-de bir gezek görkezen wakalar yzly-yzyna başdan geçirilnäge başlandy.

Ilki hökümetiň gözegçiligindäki etraplarda uly göwrümli aksiýalar başlady.Damask, Dera we Latakiýe welaýatlarynda-da wagtal-wagtal täsirini görkezen aksiýalaryň merkezi esasan Suwaýda boldy.Dürzi azlyklaryň ýaşaýan sebitinde agyrlaşan ykdysady şertler, Siriýa lirasynyň hümmetiniň has-da peselmegi bilen bilelikde azyk howpsuzlygyny agyrlaşdyrandygy sebäpli adamlara köçelere çykdylar we guramaçylyklaýyn ýörişler geçirmäge başladylar.

Desgalara, infrastruktura uly zyýan ýeten bolsa, energiýa we azyk howpsuzlygy hem üpjün edilip bilinmeýar.Indi işleýan ekoulgam ýok diýsek hem ýalňyşmarys.Hökümete degişli harby güýçler tarapyndan gönükdirilýän neşe önümçiligi we söwdasy günsaýyn ulalýar.

Liwanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar, Russiýanyň başdan geçirýän Ukraina çykgynsyzlygy Siriýanyň hökümetine hasam zor salýar.Hökümet bolsa ine şeýle şertlerde İdlibi nyşana alyp, harby çaknyşyklar bilen gün tertibini üýtgetmek we henizem howp bolmagynda galýandygy düşünjesi bilen özüni hem-de başdan geçirilýänleri legallaşdyrmagyň ugrunda.

Şol çäkde hökümete degişli güýçleriň we rus harby howa güýçleriniň İdlibi bombalamaga başlandygyn gördük.Oppozision güýçler bolsa aragatnaşyk liniýasyna garşy hüjümler gurap, gaýtawul görkezmäge çalyşdy.Esasanda Jebeli Zawiýa etrabynda güýçli çaknyşyklar we garşy hüjümler boldy.

Soň Deýrezzorda taýpalaryň pitnesi turdy.Deýrezzor esasy energiýa känlerine eýe şäherlerden biri.Sebit Siriýa ynkylabyndan soň oppozisionerleriň gözegçiligine geçipdi, soň bolsa DEAŞ tarapyndan ençeme aýlap basylyp alynypdy. Şäher soňky gezek ABŞ-nyň howa we guryýer goldawy bilen PKK-nyň Siriýadaky bölümi ÝPG we oňa goldaw berýän käbir arap taýpalary tarapyndan ele geçirilipdi.

Deýrezzor häzirki wagtda PKK/ÝPG-niň gözegçiliginde SDG we oňa tabynlykda özbaşdak hereket edýan harby mejlis tarapyndan gözegçilik edilýän bolsa, PKK-nyň sebitde gurmaga synanşýan terror döwletjiginiň çäklerinde ýerleşýärdi.

Mesele sosiologik taýdan taýpalaryň gözegçiliginde, egilşiksiz adam tipologiýasyna eýe bolan arap-sünni sebit hakynda barýar.Arap taýpalary ençeme şäherde ýaşaýarlar.Damaska 450 kilometr alysda ýerleşýän El Rifai Türkiýä 200 kilometr alysda ýerleşýär.

Ozal eneçeme gezek sebitiň halkynyň PKK garşy mobilizlenendigi görüpdik.Emme ilkinji gezek şeýle uly pitne turdy.Sebitdäki taýpalaryň wekili hökmünde Harby mejlisiň başynda durýan Abu Hawalanyň PKK/ÝPG-liler tarapyndan duşuşyga çagyrylyp, saklanmagy bilen has uly çaknyşyklar başlady.

Arap taýpalaryna degişli ýaragly güýçler mobilizlenip, birnäçe obadan we şäherçeden PKK/ÝPG güýçlerini çykarmaga başladylar.PKK-nyň hökmürowanlygynda ýaşamak islemeýan halk hem şol pitnä goşulyp, goldaw berdi.

Çaknyşyklarda iki tarapdan hem köp sanly adam ýogalan bolsa, Türkiýäniň täsiri astyndaky sebitlerde ýaşaýan degişli taýpalaryň wekilleri hem aksiýalara goldaw berip, PKK/ÝPG-ä hüjüme başladylar. ABŞ-nyň bolsa göräýmäge asuda galandygy, tarap tutman, eýsem töwellaçy pozisiýa eýelemäge çalyşýandygyny aýtmak mümkin. PKK/ÝPG-niň garşy göçümleri we ABŞ-nyň töwellaçylyk pozisiýasy bilen wakalaryň köşeşmäge başlandygy görülýär.

Jemläp aýdanymyzda Siriýadaky ýalançy baharyň duýdansyz gutarmagyna sebäp bolan çaknyşyklaryň we sosial wakalaryň gaýtadan başlandygyny gördük. Ýurtdaky etniki we dini gatlaklary öz içine alýan, demografik we sosiologik hakykatlara bap gelýan syýasy ulgam gurulmasa, Siriýada parahatçylygyň we asudalygyň ýola goýulmagy mümkin görünmeýär. Gynansagam ýurduň geljegi hakynda gynansagam gowy niýetli çaklama aýtmak kyn.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Siriýada Saparda Boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
8-nji Dekabr Siriýada “Milli Baýram” Hökmünde Yglan Edildi
PKK/ÝPG Siriýanyň Deýr-ez-Zor welaýatynyň merkezine hüjüm gurady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýene-de 5 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirild
Terrorçy Ýaşar Çekik Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi