
Siriýanyň Haseke welaýatynda ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky DAEŞ-e garşy göreş maksady bilen döredilen koalisiýa güýçlerine uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümde 1 adam ýogaldy, 6 adam ýaralandy.
ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagondan berlen beýannamada, düýn ýerli wagt bilen 13.30 töweregi, uçarmansyz howa ulagynyň DAEŞ-e garşy koalisiýa degişli desga hüjüm gurandygyny mälim etdi.
Beýannamda, hüjüm sebäpli ABŞ bilen işleşýän 1esgeriň ýogalandygy, 5-i Amerikaly esger 6 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.
Beýannamda, uçarmansyz howa ulagynyň Eýrana degişlidigi barada käbir maglumatlaryň gelip gowşandygy ýatladyldy.
ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin hem, ABŞ-nyň merkezi güýçler serkerdeligine, Prezident Baýdeniň tabşyrygy boýunça Eýranyň ynkylap goragçylary goşuny bilen arabaglanşykly toparlar tarapyndan ulanylýan desgalara howa hüjüminiň guralmagy üçin görkezme berdim”diýdi.
ABŞ-nyň hünärmenlerini goramak maksady bilen hüjüm görkezmesini berendigine ünsi çeken Ostin, dartgynlygyň möwjemegi howpyny azaltmak üçin çäkli hüjüm gurandyklaryny ýatlatdy.