Türkiýäniň, Russiýanyň, Siriýanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde geçirlen Siriýa temaly maslahatda taraplaryň arasyndaky gepleşikleriň dowam etdirilmegi meselesinde ylalaşyk gazanyldy.
Diplomatik töwerekleriň berýän maglumatyna görä, Russiýanyň paýtagty Moskwada Türkiýäniň, Russiýanyň, Siriýanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde Siriýa temaly maslahat geçirildi.
Maslahatda 4 ýurduň daşary işler ministriniň arasynda geçirilmegine garaşylýan maslahat üçin görülýän taýarlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol çäkde taraplaryň arasyndaky gepleşikleriň dowam etdirilmegi meselesinde ylalaşyk gazanyldy.
Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Segeý Lawrowyň açylyş çykyşy bilen başlan maslahatda türk resmi wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Burak Akçapar ýolbaşçylyk etdi.
Maslahatda Russiýanyň adyndan döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Ýakyn Gündogar we Afrika boýunça ýörite wekili Mihail Bogdanow, Eýranyň adyndan Daşary işler ministriniň syýasy işler boýunça kömekçisi Ali Asgar Hajy, Siriýanyň hökümetiniň adyndan Daşary işler ministriniň orunbasary Eýmen Susan gatnaşdy.
Maslahat metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.