Daşary işler ministri Hakan Fidan, Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler we Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn, Siriýadaky täze hökümetiň Daşary işler ministri Asad Hasan Şeýbani, Siriýadaky täze hökümetiň Goranmak ministri Murhef Abu Kasra we Siriýadaky täze hökümetiň Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Enes Hatab bilen paýtagt Ankarada geçirlen 3+3 formatyndaky maslahatdan soň Şeýbani bilen birlikde metbugata beýannama berdi.
8-nji dekabrda Başar Asadyň agdarylmagyndan soň Siriýada täze sahypa açylandygyny aýdan Fidan, Siriýadaky täze hökümetiň we halkara jemgyýetçiliginiň bu pursatdan ýerlikli peýdalanmalydygyny belledi.
Türkiýe hökmünde Siriýanyň Milli dialog konferensiýasyna goldaw berýändiklerini nygtady.
Bu taryhy öwrülşik etabynda halkara jemgyýetçiliginiň uly jogapkärçilik alyp Siriýa ähli taraplaýyn goldaw bermelidigine ünsi çeken Fidan, “Siriýanyň halkynyň öz gelejegini kesgitlemegine goldaw berilmeli. Siriýany bäsleşik sferasy däl eýsem hyzmatdaşlyk sferasy hökmünde görmelidiris” diýdi.
12 ýyl soň Türkiýäniň geçen aý Damaskdaky ilçihanasyny açandygyny ýatladan Fidan “Halapdaky Başkonsullygymyz hem 20-njy ýanwarda açylar. Türk howa ýollary hem gysga wagtda uçar saparlaryna başlar” diýdi.
Asad döwründe terror guramalarynyň Siriýany gaçybatalga öwürendigini aýdan Fidan, “Täze Siriýada PKK/ÝPG we DEAŞ ýaly terror guramalaryna ýer ýok” diýip belledi.
Ministr Fidan, Siriýadaky täze hökümetiň terrora garşy alyp barýan göreşine kanagatlanma bildirýändiklerini ýatlatdy.
Türkiýä we türk halkyna ýurduna berýän goldawlary üçin sag bolsun aýdan Asan Hasan Şeýbani boolsa “Siriýa bilen Türkiýe täze taryh ýazdy” diýdi.