Şirin-şeker datly gawun

Gawun kädiler maşgalasyndan bolan bir ýyllyk bakja ekindir.Gawun gadymy eýýamlardan bäri b.e.4000 ýyl öň Orta Aziýada, kiçi aziýada we beýleki subtropik ýurtlarda ekilip başlapdyr.

Olar zamça, garrygyz, gülaby, mazy, zamy, kyrkgünlük, akbişek, gürbek, sarygyz, waharman, paýendeki, hytaýy, şagawun, şekerpalak ýaly şirinden-şirin gawunlar bu gün biziň ak bazarlarymyzyň, desterhanlarymyzyň bezegi bolup durýar.Taryha ser salsak, meşhur türkmen gawunlarynyň has irki döwürde terligine ýörite ýasalan mis hem-de gurşun gaplara salnyp, Arap ýurtlaryna, Ýewropa döwletlerine äkidilendigini bilýäris.

Gawunlar şalaryň, han-begleriň desterhanlarynyň iň arzyly nygmatyna öwrenlipdir.Türkmen gawuny diňe bir lezzet beriji azyk önümi bolman, eýsem, ynsan saglygy üçin hem melhem saýylýar.Halkymyzda gawundan toşap, kak, sök ýaly peýdaly önümler taýýarlanylýar.

Bu önümler hem saglygyňy goramakda we dikeltmekde örän peýdalydyr.Gawunyň bejerijilik häsiýeti barada Abu Aly Ibn Sinanyň, Muhammet Huseýiniň we beýleki alymlaryň işlerinde giňden bellenilýär.Halkymyz türkmen gawunlaryny gadym döwürlerden bäri halk lukmançylygynda müň bir derdiň dermany hökmünde giňden ulanyp gelipdir.

Olar köplenç az ganlylara ýa-da ysgyndan gaçan näsaglara berilipdir.Gawunlar bagyr kesellerini içi ýellenýän adamlary bejermekde peýdalanylypdyr.Böwrekde daş bolanda, gawun çigidini gyzgyn suwda owradyp içipdirler.

Lukman Hekim gawunyň etini un bilen garyp, ýumşak melhem görnüşinde deri tegmillerini aýyrmakda ulanypdyr.Gawun iýmek nerw rahatlygyny döredip, keýpiňi çag edýär.Gün şöhlesiniň ýakymsyz täsirini aýyrýar.

Waharman gawunynyň ternesi inçekeseliň, öýken keselleriniň, demgysmanyň dermanydyr.Behişdi nygmat bolan datly gawun uly meşhurlyga eýe bolup, birnäçe asyrlardan bäri mukaddes topragymyzda ýetişdirilýär.Türkmen topragynyň bu behişdi nygmaty durşuna melhemdir, desterhanlaryň bezegidir.

Diýarymyza gelýän myhmanlara taýsyz hödür-keremdir.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özüniň ýakymly ysy, süýji tagamy, jana şypalylygy bilen tapawutlanýan behişdi nygmat hasaplanylýan gawunyň berekedi hiç haçan egsilmesin!

Bekgi ARSLANOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň öwreniji-mugallymy,

Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýesi.

Ýene degişli makalalar

Şirin-şeker datly gawun
Buharadaky festiwala müň tonnadan gowrak gawun-garpyz getirildi
Tomus paslynyň datly iýmiti
Türkmen alymlary gawunlaryň seçgi işlerini alyp barýarlar
Nesilden nesle geçýän dissidentler ýurdy. SSSR dargamazynyň öňüsyrasynda, respublikalardaky milli hereketler. Türkmenistan
Lukmanlar miwe iýmek üçin iň amatly wagty aýtdylar