Sionist režimiň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Şehit Bolan Palestinalylaryň Sany 220 Adama Ýetdi

Sionist režimiň  Gaza Guraýan Hüjümlerinde Şehit Bolan Palestinalylaryň Sany 220 Adama Ýetdi

Ysraýylyň 10-njy maýdan bäri Gaza guraýan hüjümlerinde 60-y çaga, 35-i zenan jemi 220 adam ýogaldy, 1307 adam hem ýaralandy.

Ysraýylyň goşunlary 2 milliondan gowrak adamyň ýaşaýan ýeri bolan Gaza sektoryna howadan we gury ýerden hüjüm guramaga dowam edýär.

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berlen ýazmaça beýannama görä, Ysraýylyň 10-njy maýdan bäri gabaw astyndaky Gaza guraýan hüjümlerinde 59-y çaga, 35-i zenan jemi 200 adam ýogaldy, 1307 adam hem ýaralandy.

Ýaralananlardan 398-niň çagadygy we bejergi astyna alynanlardan 46 adamyň ýagdaýynyň agyrdygy bellenildi.

Beýleki tarapdan Gazadaky Palestinaly toparlar Ysraýylyň hüjümlerine roketalar bilen jogap berýär.

Gazadan günortadan soň atylan roketa Ysraýylyň günortasynda ýerleşýän Aşdod şäherinde 3 adamyň ýeňil ýaralanmagyna sebäp boldy.

Atylan roketalar sebäpli Ysraýylda häzire çenli 10 adam ýogaldy.

Ysraýylyň goşunlaryna degişli harby uçarlar düýn gije Gazanyň günortasynda, günbatarynda we demirgazygynda birnäçe ýeri bombalady.

Ysraýylyň harby uçarlary, Palestinaly toparlara degişli käbir ýerleri, ekin meýdanlaryny, köçeleri we infstrukturany nyşana aldy. Hüjümler sebäpli Gazanyň günortasynda we demirgazygynda içeri işler müdürliklerine degişli käbir merkezler ýykyldy.

Hüjümlerde käbir binlaryň we öýleriň ýykylandygy, elektrik beketlerine we suw howdanlaryna uly zeper ýetirlendigi nygtaldy.

Ysraýylyň harby uçarlarynyň Gazanyň günortasynda ýerleşýän Refah we Han Ýunus şäherlerindäki käbir öýleri we ekin meýdanlaryny bombalandygy bellenildi.

Beýleki tarapdan Ysraýylyň harby gämileriniň hem deňizden Gaza ot açandygy ýatladyldy.

Hüjümler sebäpli Deýr Al Belahda we Gazada 2 öýüň ýykylandygy bellenildi.

Hamasyň harby topary Izzeddin Al Kassam tarapyndan berlen beýannamada asuda ilaty nyşana alýan hüjümlere garşy Ysraýylyň Beerşeba we Askalan şäherlerine roketa atylandygy ýatladyldy.

Yslamy Jihad hereketiniň harby topary hem Gazadaky hüjümlere garşy Ysraýylyň Sderot, Netiwot we Hanegew şäherlerine roketa hüjümini gurandyklaryny mälim etdi.

Ysraýylyň 10-njy maýdan bäri Gaza gury ýerden we howadan guraýan hüjümleri dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Ynsanperwer Kömek Konteýnerleriniň Howpsuzlygyny Üpjün Edýän Topary Nyşana Aldy
Gazadaky çaknyşyklarda soňky 24 sagatda ýene-de 18 ysraýylly esger ýaralandy
Ysraýyl Gazanyň demirgazygynda ýene-de 2 esgeriniň öldürilendigini habar berdi
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýyl Gaza Guraýan Hüjümleri Dowam Etdirýär
Ysraýylyň Gazadaky Hüjümleri Dowam Edýär