Sinszýan uýgur awtonom sebitinde 7 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Sinszýan uýgur awtonom sebitinde 7 bal ululygynda ýer titremesi boldy

ABŞ-nyň Geologiýa ylmy derňew guramasynyň 7 bal ululugyndadygyny, Hytaýyň Ýer titreme torlary merkeziniň bolsa 7,1 bal ululugyndadygyny beýan eden, güýç merkezi Aýkol şäherçesi bolan ýer titreme, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň arasyndaky serhediň daglyk zolagynda, ýeriň 22 km aşagynda emele geldi.

Ýer titremede adam pidalarynyň çekilendigi barada entek maglumat berilmedi.

Ýerli wagt bilen sagat 03:00-da bolan ýer titremäniň güýç merkezine 20 km uzaklykda ýerleşýän 20 obada 2 öýüň we käbir ýataklaryň ýumrulandygy habar berildi.

Ýer titremeden soň sebitde iň ulusy 5,3 bal bolan kiçiräk ýer yranmalar hasaba alyndy.

Ýer titremäniň täsiri Aksu welaýatynyň merkezi bilen birlikde Sinszýan uýgur awtonom sebitiniň Kaşgar, Hotan we Urumçi şäherlerinde, goňşy Gyrgyzystan, Gazagystan we Özbegistan döwletlerinde hem duýuldy.

Ýene degişli makalalar

Hytaýly alymlar Garagumdaky Bokurdak obasyna baryp gördüler
Uýgur Türkçesi
Guterriş Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi
Ýyl soňy -Merkezi Aziýa: Ýewraziýanyň çatrygyndaky sebit ähli tarapa çekilýär
Mätiýew: Türkmen režimi diňe sanksiýalaryň diline düşünýär
Ärdogan bilen Şi Jin pingiň arasynda telefon söhbetdeşligi