Sinop Kotra gämisi

Sinop Kotra gämisi

Türkiyäniň Gara deňize kenary bolan Sinop şäheri, elde ýasalýan agaçdan öndürilen nusgawy oýunjaklaryň birine öz adyny berdi.Sinopyň şäher häkimliginiň ýüz tutmagy netijesinde 2021-nji ýylda Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşulan Sinop Kotra gämisi ýasalyşy ussatlygy talap edýän oýunjak gämi görnüşleriniň biridir.

Sinop Kotra gämisiniň ýelkenleri hoz agzajyndan, esasy korpusy we şestleri buk agajyndan, kaýutasy bolsa dagdan agajyndan ýasalýar. 1-den 5-e çenli ýelken şestleri bolan maket oýunjak gämi, islege baglylykda dürli ululykda öndürilip bilner.

Agaç bölekleri ýeke-ýeke we kiçijek býçgylar ulanylyp taýarlanýan Sinop Kotra gämisiniň ýapgyt bölümlerini emele getirýän ýörite bölekleri, tehniki spirdiň odunda ozal çyglanyp goýulan agaç bölekleri ýuwaşlyk bilen gyzdyrylyp we egip ýasalýar.

Sinop Kotra gämisi esasan hem üstüne goýuljak agaçdan, gäminiň korpusyndan, şestlerden we direglerden ybaratdyr.Mundan başgada kaýutanyň içerki bölegine lampalar ýerleşdirilip, yşyklandyryş üpjün edilýär. Önümçilik işiniň soňky tapgyrynda bolsa modeliň uzak ýyllap çyglylykdan goralmagyny üpjün etmek üçin lak ýa-da boýag edilýär.

Ýene degişli makalalar

Maryda arassaçylyk işleri bat alýar, guran agaçlara ýaşyl boýag çalynýar
Ecodrink: tagamly süýjülikler we hoşboý kofe
Aşgabady we onuň töwereklerini tozanly tupan örtdi
Goňşularyň jedeli sebäpli çapylan bag jahankeşdeleriň köp gelýän ýerine öwrüldi
Kastamonu Azdawaý egin-eşigi
Älemgoşar reňkli guş