Sinirlioglu ÝHHG-niň täze Baş sekretary boldy

Türkiýäniň daşary işler ministrliginiň öňki başlygy we Türkiýäniň BMG-däki öňki hemişelik wekili Feridun Sinirlioglu Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) täze Baş sekretary boldy. “ÝHHG-niň täze ýolbaşçylaryny gutlaýarys.

Feridun Sinirlioglu (Türkiýe) Baş sekretar.Mariýa Telalian (Gresiýa) Demokratik guramalar we adam hukuklary edarasynyň başlygy, Kristof Kamp (Niderlandlar) ÝHHG-niň milli azlyklaryň işi boýunça ÝHHG-niň ýokary komissary, Ýan Bratu (Norwegiýa) Habar beriş serişdeleriniň azatlygy boýunça wekil” diýip, guramanyň häzirki başlygy Maltanyň daşary işler ministri Ýan Borg X sahypasyndaky akkaundynda ýazdy. ÝHHG-niň Baş sekretary wezipesini 1975-nji ýyldaky Helsinki ylalaşygynyň jemleýji kararynyň 50 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek türk raýaty tarapyndan eýeleýändigi bellenilýär.

Bu karary Demirgazyk Amerikadan, Ýewropadan we Aziýadan 57 gatnaşyjy döwlet goldady.Baş sekretar ÝHHG agzalary tarapyndan üç ýyl möhlet bilen saýlanýar.Feridun Sinirlioğlu 2015-nji ýylda döredilen wagtlaýyn hökümetde daşary işler ministri, şeýle hem 2015-2016 we 2009-2015-nji ýyllarda daşary işler ministriniň orunbasary boldy. 2016-njy ýyldan 2023-nji ýyla çenli Türkiýäniň BMG-däki hemişelik wekili bolup işledi. 2023-nji ýylda BMG-niň Baş sekretary tarapyndan Owganystana garaşsyz baha bermek boýunça ýörite utgaşdyryjy wezipesine bellendi. ÝHHG, milliarddan gowrak ilatly sebitde howpsuzlyk meseleleri bilen meşgullanýan, parahatçylygy, demokratiýany we durnuklylygy üpjün etmek boýunça işleri alyp barýan dünýäniň iň uly sebit guramasydyr. /* custom css */ .td_uid_15_67543af97617d_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67543af97617d_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

'Gorky şalygynda zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär
Türkmen türmesinde ölen žurnalistiň  işi BMG-niň gözegçiliginde saklanýar
Onlarça türkmen raýaty, şol sanda hökümeti tankytlan Durdylyýew Türkiýeden deportasiýa edildi
Finlýandiýanyň öňki Prezidenti Martti Ahtisaari aradan çykdy
Aşgabat nähak ýanalan ýuristiň kanuny hukuklaryny dikeltmeýär
Daşary çykmak gorkusy we 'meýletin' deportasiýa. Türkiýedäki türkmen migrantlaryna basyş güýçlenýär