Singapuryň jemi içerki önümi ýylyň III çärýeginde 4,4% ösdi

Singapuryň jemi içerki önümi ýylyň III çärýeginde 4,4% ösdi

Singapuryň ykdysadyýeti 2022-nji ýylyň III çärýeginde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,4% ýokarlandy diýip, ýurduň ýerli Söwda we senagat ministrligi habar berdi.

Ondan öňki çärýekde JIÖ-iň ösüşi 4,5% bolupdy.Trading Economics-iň pikir soraşan analitikleri ortaça 3,4% ösüşe garaşypdylar.Senagat sektoryndaky ösüş, elektronika we himiýa önümleriniň önümçiligindäki pese gaçyş wagtynda, aprel-iýun aýlaryndaky 5,7% bilen deňeşdirilende, ep-esli haýallap, geçen çärýekde 1,5% boldy.

Ikinji çärýekde gurluşyk sektory 1,5% bolanlygyndan 3,9%-e çenli, hyzmatlar ulgamy - 4,8% bolanlygyndan 6,1%-e çenli ösüşini çaltlandyrdy. Öňki çärýege çenli Singapuryň JIÖ-i ondan öňki çärýekde 0,2 peselenden soň, 1,5% galdy. Şeýlelik bilen, ýurduň ykdysadyýetine yzly-yzyna iki çärýegiň jemi boýunça JIÖ-iň pese düşmegi bilen kesgitlenýän resessiýadan gutulmak başartdy.

Puluň hümmetiniň pese gaçmagy, göterim stawkalarynyň ýokarlanmagy we daşarky islegiň gowşamagy sebäpli, 2022-nji ýylda garaşylan 3-5%-iň deregine ykdysadyýet 3-4% çäklerde ýokarlanar diýip, ýurduň hökümeti çaklaýar.

Ýene degişli makalalar

HPG: umumy dünýä bergisi 2024-nji ýylda 100 trillion dollardan geçer
Türkmenistanda 11 aýda JIÖ 6,3 göterim artdy
2023-2024-nji ýyllarda hümmetsizlenme dünýäniň köp ýurdunda saklanar
ÝTÖB: Gazyň bahasynyň ýokarlanmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetini kuwwatlandyrýar
Hünärmenler 2023-nji ýylda Germaniýada çökgünligiň boljakdygyny çaklaýarlar
Türkmenistan halkara uçuşlaryň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär, Aşgabadyň Baş baýdak meýdançasynda abatlaýyş işleri geçiriler, Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Demirgazyk Marian Adalaryndan üstün çykdy