Singapurda Werstappen däl-de, Perez ýeňiş gazandy

Formula 1 boýunça möwsümiň 17-nji ýaryşy Singapurda geçirildi. Ýurtdaky “Marina Bay” trassasynda geçirilen ýaryşda “Red Bulluň” meksikaly sürüjisi Serhio Perez ýeňiş gazandy.Ol 59 aýlawy 2 sagat 02 minut 20,238 minutda geçip, şu möwsümdäki 2-nji, karýerasyndaky 4-nji birinjiligini gazanmagy başardy. Ýaryşa ilkinji hatardan başlan “Ferrariniň” monakoly sürüjisi Şarl Lekler 1-nji öwrümde ornuny aldyryp, bäsleşigi 2-nji hatarda tamamlady.

Ol ýeňijiden 2,595 sekunt yza galdy. “Ferrariniň” ispan sürüjisi Karlos Saýns Junior Peresden 10,305 sekunt soň pellehana gelip, ýaryşda 3-nji orny eýeledi. “McLaren” toparynyň sürüjileri britaniýaly Lando Norris bilen awstraliýaly Daniel Rikkiardonyň 4-5-nji ýerleri eýelän ýaryşynda “Red Bulluň” niderland piloty, sanawyň lideri Maks Werstappen 7-nji orna mynasyp boldy.

Dürli wakalara baý bolan ýaryş güýçli ýagyş sebäpli 1 sagat giç başlady. 6 sürüjä ýaryşy tamamlamak başartmady. Şolaryň biri-de F1-däki 350-nji ýaryşyny geçiren ispaniýaly Fernando Alonsodyr.

Şeýlelikde, 17-nji ýaryşdan soň sanawyň lideri Werstappeniň çempionlygy indiki ýaryşa galdy. Ol möwsümiň tamamlanmagyna 5 ýaryş galanda, 341 utuk toplap, 2-nji ýerdäki 237 utukly Leklerden 104 utuk öňde barýar. 3-nji ýerdäki Peresiň 235 utugy bar.

Möwsümiň indiki ýaryşy 9-njy oktýabrda Ýaponiýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

F1-iň täze möwsümi başlaýar
Öz rekordyny täzeledi
10 ýaryşdan soň ýeňiji üýtgedi
945 günden soň ýeňiş gazandy
Karýerasyndaky ilkinji ýeňşi
Yzly-yzyna 4-nji çempionlygyny baýram etdi