Singapurda täze zawod gurar

Global derejede çiplere bolan islegiň ýokarlanmagy bu ugurdaky maýa goýumlaryny artdyrýar. TSMC kompaniýasy Singapurda täze önümçilik desgasyny açmagy maksat edinýär. Bu zawodda ozalky nesle degişli çipler öndüriler. Kompaniýa täze nesil çipleriň önümçiligine we has kämil görnüşleriniň işlenip taýýarlanmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Singapurda guruljak desga üçin milliard dollar görkezijili maýa goýum özleşdiriler.

Kompaniýa soňky tehnologiýany talap edýän “Apple A15 Bionic” hem-de M1 çipleriniň ählisini öndürýär. Häzirki wagtda “Apple”-iň sargydy üçin 5nm çipleri öndürýän TSMC Singapurdaky zawodynda 7-28nm çiplerini öndürer.

Şeýle hem kompaniýa ABŞ-nyň Arizona ştatynda 12 milliard dollarlyk täze zawodyň gurluşygyny alyp barýar. Mundan başga-da kompaniýa “Sony”-nyň goldaw bermeginde Ýaponiýada hem bir zawod gurýar.

Gülnara Baýjanowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçylar düzümini Türkmenistanlyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany bilen sylaglady
Gündogar - inçe syrlarynyň dünýäsi atly dabaraly konserti