Sindzo Abe Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýubileýi mynasybetli sylaglanan medaly gowşuryldy

Sindzo Abe Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýubileýi mynasybetli sylaglanan medaly gowşuryldy

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň we Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň bilelikde guramagynda Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi.Onuň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi G.Elýasow, Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri, ýurduň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň deputaty Sindzo Abe, Ýapon-Türkmen Parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Matsuşita Şinpeý we beýleki birnäçe wekiller çykyş etdiler.

Bu barada neutrality.gov.tm internet saýtynda habar berilýär.

Çärä Ýaponiýanyň Parlamentiniň deputatlary, Daşary işler, Ykdysadyýet, söwda we senagat, Adalat ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Ýaponiýada bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri, ýurduň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň deputaty Sindzo Abe Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda çykaran Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmakda, Watanymyzyň halkara derejedäki abraýyny berkitmekde bitiren hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Sindzo Abe özüne berlen bu ýokary sylaga çuňňur hormat bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine we ýurduň Hökümetine çäksiz minnetdarlygyny beýan etdi hem-de geljekde-de iki ýurduň gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde öz tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Ýeri gelende bellesek, Ýaponiýanyň Premýer-ministri bolup işlän döwürlerinde Sindzo Abe 2015-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda saparda bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýokary derejeli gepleşikleri geçiripdi.

Sindzo Abeniň taryhy saparyndan soň, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 7-sinde, orta okuw mekdepleriniň 12-sinde ýapon dili öwredilip başlandy. Şunlukda, ýurtda ýapon dilini öwrenýänleriň sany 50-den 7 müň adama çenli ýokarlandy.

Ýene degişli makalalar

3-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ilçi Atadurdy Baýramow Ýaponiýada işe başlady
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky täze ilçisi ýurduň Daşary işler ministrliginde kabul edildi
Türkmenistanyň welaýatlarynda resmi LC Waikiki dükanlary açylary, 2022-nji ýylyň 1-nji awgusty boýunça ýurdumyzda 2152 sany bankomat hereket edýär, Aşgabatdaky iş orunlarynyň ýarmarkasyna 45 sany hususy kärhana gatnaşdy
Türkmen ilçisi: Türkmenistandaky ýapon kompaniýalarynyň alyp barýan işleri aýratyn ähmiýetlidir
Kisida Gurbanguly Berdimuhamedowy Ýaponiýa çagyrýar