Ministr Şimşek Twitterden beren habarnamasynda daşary ýurtly maýadarlaryň türk emläklerine bolan gyzyklanmasy hakynda garaýyş beýan etdi.
Mehmet Şimşek; “Maýadarlaryň türk emläklerine bolan gyzyklanmasynyň artmagy bizi kanagatlandyrýar. Gelejek 3 ýylyň dowamynda artmagyna garaşylýan Pars aýlagy hyzmatdaşlygyna girýän ýurtlardan gelýän gönüden daşarky maýa goýumlara goşmaça, maýa goýum we karz ylalaşyklarynyň hem artýandgyny gördük” diýip ýazdy.
Ministr Şimşek daşary ýurtly maýadarlaryň Türkiýä we makroykdysady syýastlaryna bolan ynamy görkezýändigini nygtady.