Şimpanze özüne oklanan çüýşäni haýwanat bagyna gelen adamlara zyňdy

Şimpanze özüne oklanan çüýşäni haýwanat bagyna gelen adamlara zyňdy

Hytaýyň Çanşa şäheriniň haýwanat bagynda gezelenç edýänleriň biri şimpanzeniň saklanýan gözenegine suwly plastik çüýşäni oklady. Maýmyn aljyramady, ol çüýşäni aldy-da, yzyna zyňdy. Netijede, syýahatçy gyz şikes aldy diýip, Newsflare portalyna salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Waka geçen ýekşenbede boldy. Wideoşekillerde hytaýlynyň maýmyna suwly gaby oklaýandygy görünýär. Diu Na Sin diýlen şimpanze ilki çüýşäni ýere urup görýär, soňam ony dazyrdadyp, özüni synlamaga gelen mähellä tarap zynýar. Netijede, bir gyz şikes alýar, onuň eltelefonynyň hem urgudan jaýryk atandygy görünýär.

Haýwanat bagynyň edarasy jahankeşdelere maýmyny gižželemezligi maslahat berdi, ol öň hem adamlara hapa-haşal, daş we beýleki zatlary zyňyp, meşhurlyk gazanypdyr.

Ýene degişli makalalar

Ýokary tizlikli otlular üçin ugurlar
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň wekilleri bilen duşuşdylar
Garaşsyzlyk ýyllarynda demir ýol ulgamynda gazanylan ösüşler
Türkmen talyby Beýik Ýüpek ýolundaky halkara döredijilik we miras forumyna gatnaşdy
Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny polat görnüşinde dikeldýär