
Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada” tapgyryň iň esasy oýny Madridde “Atletiko” bilen “Barselonanyň arasyndaky duşuşyk boldy. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri Ýannik Karraskonyň ýeke-täk goly bilen güýçli garşydaşyny ýeňmegi başardy. Şunlukda, “Atletiko Madrid” Diego Simeoneniň tälimçiligi döwründe “Barselonany” çempionatyň çäginde ilkinji gezek ýeňlişe sezewar etdi. “Atletiko” mundan öňki 17 oýunda 6 gezek deňme-deň bolup, 11 sapar hem utuldy.
“Barselona” bolsa 8 oýunda 11 utuk ýitirip, soňky 29 ýyldaky iň pes netijesini gaýtalady. Katalonlar Kumanyň tälimçiliginde 3 ýeňiş gazanyp, şonça-da utuldy (2 oýun deňlik).