Silwester Stallone “Rocky 4”-iň režissýorlyk wersiýasynyň çykjakdygyny habar berdi

Silwester Stallone “Rocky 4”-iň režissýorlyk wersiýasynyň çykjakdygyny habar berdi

Holliwudyň meşhur aktýory, prodýuser we ssenarist Silwester Stallone “Rocky 4” sport dramasynyň režissýorlyk wersiýasynyň çykjakdygyny mälim etdi. Film özüniň “Instagram” sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda başgaça, ýagny "Rokki Drago garşy" diýlip atlandyrylar. Bu barada cursorinfo.co.il habar berdi.

Mundan başga-da, dramanyň surata düşürilişi barada “film hakda film” formatynda dokumental film hem taýýarlandy.Stallone premýeranyň takyk senesi hakynda aýtmady. Ýöne ol geçen ýyl öz nusgawy filmlerinden birini täzeden işlemekçi bolýandygyny mälim edipdi.

Dogrusy, filmiň täze görnüşiniň 2020-nji ýylyň noýabr aýynda - onuň asyl nusgasynyň ýubileýine gabatlap çykarylmagyna garaşylypdy. Ýöne režissýorlyk eserini döretmek boýunça ähli işleri wagtynda gutarmak oňa başartmady.Boksçy Rokki Balboa baradaky franşizanyň Silwester Stallone üçin esasy işleriň biridigini bellemek gerek, sebäbi bu film oňa kino älemine ýol açypdy. “Rocky 4” filminiň asyl nusgasy 1985-nji ýylda çykdy.

Onda amerikaly boksçy Rokki Balboa bilen sowet türgeni Iwan Dragonyň arasyndaky gapma-garşylyk hakda gürrüň berilýär.Dragonyň roluny şol döwürde heniz kän meşhur bolup ýetişmedik Dolf Lundgren ýerine ýetirdi.

Bu film tutuş franşizanyň iň üstünlikli bölegine öwrüldi, sebäbi ol 30 million dollar býujet bilen dünýä kassa ýygymynda 300 million dollar gazandy.

Ýene degişli makalalar

Balide saglygy dikeldilen delfinler ummana goýberildi
“Real”“Ýunaýted” 11-nji gezek
“REAL MADRID” kuboklary yzly-yzyna gazanýar
IŇLIS KLUBLARY ÇÄRÝEK FINALYŇ BOSAGASYNDA
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Geçiler nädip daga dyrmaşýarlar?