Siliwri Ýogurdy

Siliwri Ýogurdy

Stambulyyň Siliwri etrabyndan adyny alýan we geçmişi 1870-nji ýyllara çenli uzap gidýän “Siliwri Ýogurdy” Siliwri etrap häkimliginiň ýüz tutmagy netijesinde Türkiýäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriniň arasyna goşuldy.

Siliwri Ýogurdy sygyr, goýun we gäwmiş ýaly mallaryň süýdüniň garyşdyrylmagy netijesinde alynýan, sarymtyl, şepbeşik we üstünde galyň gaýmak gatlagy bolan ýogurtdyr.

Siliwri Ýogurdy süýdüň bişirilýän gazan bölümi bilen maýa basyrmak işleriniň geçirilýän “Karawana Ojaklary” diýip atlandyrylýan 2 aýry bölümde we şol işler üçin ýörite gurulan ýogurthanalarda öndürilýär.

Önümçilik ýerine getirilýän we kislota synaglaryndan geçirilýän süýt hasa ýa-da inçe elekten geçirilip, bişirme gazanlaryna geçirilýär.

Süýt gabyň düýbüne ýapyşmazlygy üçin ýörite agaçdan ýasalan kenjeler bilen dowamly häsýetde garyşdyrylyp, 90 selsiý derejede 150 minudyň dowamynda pasterizleşdirilýär.

Ondan soň toýun gaplara geçirilýän süýt, gaýmagyň emele gelmegi üçin poslamaýan polatdan ýasalan uly gaplara ýerleşdirilýär we gaplaryň içine azyrak mukdarda suw goýulýar.

Şol ýagdaýda “Gaýmak bişirmek” diýip atlandyrylýan 2-nji ýyladyş işleriniň geçirilýän süýt gaplara, inçe uçly inžektor bilen maýa guýulýar. 3-4 sagadyň dowamynda maýalama işleri geçirilýän Siliwri ýogurdy, 2 gradus derejä ýetirilmegi üçin sowadyş bölümine geçirilýär.

Toýun gaplarda ýeke-ýeke maýalanýan Siliwri ýogurdyň satuw işleri hem şol gaplarda amala aşyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Eco Market dükany ter önümleriň we hojalyk üçin zerur bolan harytlaryň giň assortimentini hödürleýär
Üsgülewügiň tebigy bejergi usullary
Baýburt Süýt Böregi (Baýburt Süýt Böregi datlysy)
Kosmosda pomidor ýetişdiriler, gatyk basyrylar
FAO: azyk önümleriniň bahalary durnukly
FAO: azyk önümleriniň bahalary durnukly