Sil suwlary daglyk sebitlere zeper ýetirdi, Magtymguly etrabynyň obalary zyýan çekdi

Sil suwlary daglyk sebitlere zeper ýetirdi, Magtymguly etrabynyň obalary zyýan çekdi

Balkan welaýatynyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Magtymguly etrabyna 17-nji sentýabrda ýagan sil ýagyşlary ilatly ýerlere zyýan ýetirdi. Hususan-da, oba infrastrukturalaryna agram düşdi, ýerli ýaşaýjylar zyýan çekdi. Häkimiýetler tebigy hadysanyň ýol açan netijelerini ýeňletmek boýunça etrap ýaşaýjylaryna ýardam bermedi.

“Sil ýagyşlarynyň ýol açan oňaýsyz netijeleri Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň kölegesinde galýar, sil suwlarynyň netijelerinden üns sowulýar” diýip, bir sebit ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Şu günler Türkmenistanyň ähli sebitlerinde 27-nji sentýabrda bellenip geçilýän ýurt garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyna taýýarlyklar dowam edýär.

Dag eteklerinde ýerleşýän ilatly ýerleriň ýaşaýjylary sil suwlarynyň ýol açan oňaýsyz netijelerini aradan aýyrmak üçin, ýerli häkimiýetlere ýüz tutupdyrlar. Ýöne bu ýüzlenmeler jogap tapmandyr. Agyr ýagyşlar, hususan-da, Çendir geňeşliginiň obalaryna has köp zyýan ýetirdi. Bu geňeşlikde Ak, Gyzylymam we Ýartygala ýaly obalar ýerleşýär.

“Ýerli ýolbaşçylar tebigy betbagtçylyklaryň Alladan gelýändigini aýdyp, bu meselede hökümetiň günäsiniň ýokdugyny aýtdylar. Olar ýerli býujetiň hasabyndaky pul serişdelerini Garaşsyzlyk baýramy bilen baglylykda merkeze geçirmeli bolandyklaryny aýtdylar, şeýle-de oba ýaşaýjylaryna siliň netijelerini özbaşdak, öz tagallalary bilen aradan aýyrmagy maslahat berdiler” diýip, birnäçe sebit ýaşaýjysy aýdýar.

“Oba infrastrukturalaryny bejermek maksady bilen, geljekde pul serişdelerini bölüp bermegi wada berdiler” diýip, olar sözüniň üstüni ýetirýärler.

Ýöne daglyk sebitleriň ýaşaýjylary ýerli häkimiýetleriň beren wadalaryna ynanmaýarlar we sebitiň ýaşamaga amatsyz bolandygyny aýdyp, özleriniň Balkanabat şäherine we onuň töweregindäki obalara göçüp barmagy meýilleşdirýändiklerini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary sil suwlarynyň ýol açan anyk netijeleriniň gerimini anyklamaga çalyşýarlar.

Sumbar derýasynyň eteginde ýerleşýän Magtymguly etrabynyň Çendir geňeşligi Eýran bilen serhet ýaka sebitlerde ýerleşýär.

Azatlyk Radiosyna 20-nji sentýabrda gelip gowşan bir wideoda Balkan welaýatynyň daglyk sebitlerinde ýerleşýän bir ilatly ýere gelen sil suwlaryny görmek bolýar.Redaksiýa howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli, bu wideo materialy çap etmekden saklanýar. Ýöne wideo şekillerde oba ýerlerine çalym edýän bir ilatly ýerde ýagyş suwlarynyň, hamala, suw kanalyny emele getirip akyşyny görmek bolýar. Çagalar we aýallar silden soň pessaýlap akýan suwuň akymyny synlaýarlar.

Mundan ozal, habarçylarymyz bu welaýata ýanaşyk sebitde, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garawul we Nohur geňeşliklerinde 15-nji sentýabrda bolup geçen sil ýagyşlary we bu hadysalaryň ýol açan agyr netijeleri barada habar berdiler.

Bu iki geňeşlikde 2700 çemesi hojalyk ýaşaýar, şolardan 90 çemesi maşgala ýagyşlardan zyýan çekdi. Olar hem ýagyş suwlarynyň agyr netijelerine garşy özbaşdak göreşmeli bolandyklaryny aýtdylar. Günorta sebitde sil suwlary oba ýerlerine uly-uly daşlary süýşürip getirdi.

Günbatar we günorta sebitlerde, şol sanda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda hem-de Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garawul hem-de Nohur geňeşliklerinde bolup geçen tebigy hadysalarda adam ýitgileriniň bolup-bolmandygy, şeýle-de zyýan çekmeleriň gerimi barada maglumat berilmeýär.

Döwlet media serişdeleri ýurtda bolup geçýän betbagtçylykly tebigy hadysalar barada asla habar bermeýär. Hökümet resmileri, galyberse-de, ýerli häkimiýetler sebitlerde bolup geçýän tebigy hadysalar barada asla beýanat bermeýär.

Azatlyk Radiosynyň daglyk sebitde bolup geçen agyr ýagyşlar boýunça Magtymguly etrabynyň etrap häkimliginden resmi teswir almak synanyşygy netije bermeýär.

Welaýatyň günorta-gündogar etraby tutuşlygyna daglyk sebitde ýerleşýär we bu etrabyň ýaşaýjylary esasan maldarçylyk, däneçilik we miweçilik bilen meşgullanýarlar. Sumbar derýasynyň ýakasynda ýerleşýän sebitlerde nar, injir we hurma ýaly miweli ösümlikler, zeýtun we hoz ýaly ir-iýmişler ösdürilip ýetişdirilýär.

Etrap 19-njy asyryň aýaklarynda “Aleksandrow” atlandyryldy, sowetler döwründe Garrygala adyna eýe boldy, 2004-nji ýylda bolsa, bu etraba Magtymgulynyň ady dakyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistana gelen sil suwlarynyň pidalary belli boldy
“Azatlyk” radiosy awgustda gelen siliň wideosyny çap etdi
Türkmenistan: Siliň netijesinde onlarça adam öldi
Ahalyň, Balkanyň obalaryny sil aldy
Obalara gelen sil hakynda dymylyp, Aşgabada gelmedik sile sowalga gurulýar
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi