Sil Apaty Yssyk Kölde 92 Öýe Zeper Ýetirdi

Sil Apaty Yssyk Kölde 92 Öýe Zeper Ýetirdi

Gyrgyzstanyň demirgazygynda ýerleşýän Yssyk köl sebitinde aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil apatynyň 92 öýe zeper ýetirendigi habar berildi.

Gyrgyzstanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginden berlen ýazmaça beýannama görä, Yssyl Kölüň Tüp etrabynyň Taldy-Suu we Köçü we Korumda obalarynda ýagan ýagyş siliň gelmegine sebäp boldy.

Sil sebäpli üç obada 92 öýe we ýollara uly zeper ýetirildi.

Silden soň sebitde 103 işçiniň gatnaşmagynda arassaçylyk işleri başladyldy.

Beýannamada, ýurduň günortasynda ýerleşýän Jelalabad sebitinde hem düýn ýerli wagt bilen 15.30-da ýagan ýagyş sebäpli käbir ýerleriň suwyň aşagynda galandygy, sebitde arassaçylyk işleriniň başladylandygy ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

Halkara Yssyk Köl Forumy Türkiýede we Azerbaýjanda Geçirler
Sil Yssyk Kölde Dynç Alyş Obalaryna Ýaramaz Täsirini Ýetirdi
Yssykköli zibilden arassaladylar
Dünýäniň onlarça ýurdunda Magtymgula bagyşlanan kitaplar çap edildi
Amyderýanyň suwy çekildi, türkmenistanlylar muny Owganystanyň täze kanalyndan görýärler
Sinalco Jump we Sinalco Fresco: serginle we tomsuň şatlygyndan lezzet al