Sigure Isiba Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy

Sigure Isiba Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy

Ýaponiýanyň Liberal-demokratlar partiýasynyň başlygy Sigure Isiba ýurduň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy. Parlamentiň aşaky palatasynda ses berlişigiň ikinji tapgyrynda ol deputatlaryň ýarysyndan gowragynyň sesini aldy diýip, NHK teleýaýlymyna salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Isiba ses berlişikde parlamentarileriň 221-siniň, garşylykly Konstitusiýa- demokratik partiýanyň başlygy Ýosihiko Noda deputatlaryň 160-synyň sesini aldy.

Düýn Isiba täze Hökümetiň düzümini düzdi, onuň düzümi Premýer-ministriň öňki Kabinetinden onçakly üýtgemedi diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Işiba Şigeru Gaýtadan Ýaponiýanyň Premýer-ministrligine Saýlandy
Ýaponiýanyň täze Premýer-ministri
Trýuda Liberal partiýanyň liderliginden we Premýer-ministrlik wezipesinden çekilýär
Salgyt iýeroglifi Ýaponiýada ýylyň nyşany diýlip yglan edildi
Sagçy konserwatorlar ýeňiş gazandy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny