“Siemens” “ýaşyl” wodorod desgasyny gurdy

Germaniýanyň “Siemens” kompaniýasy önümçilik kuwwaty her ýylda 1 müň 350 tonna barabar bolan wodorod öndürýän zawodyny işe girizdi.Energiýa, elektrifikasiýa, awtomatlaşdyrma, sanlylaşdyrma we saglygy goraýyş pudagynda iş alyp barýan “Siemens” kompaniýasy soňky ýyllarda wodorod öndürmäge niýetlenen tehnologiýany hem kämilleşdirýär. Ýurduň Wunzidel şäherinde guruljak desgada wodorod öndürmek üçin ýelden we Günden alnan energiýa ulanylar.

Bu ýerde öndüriljek energiýanyň, ilkinji nobatda, sebitiň senagat we söwda kärhanalarynda hem-de gara ýollarynyň gatnawynda peýdalanyljakdygyny mälim edildi.Desganyň önümçilik kuwwatynyň has-da giňeldilmegi göz öňünde tutulýar.

Baýram Agamyradow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

“Aýdyň gijeler” kompaniýasy kabel önümçiligini ýola goýdy
Ýewropada gazyň müň kub metriniň bahasy 2200 dollardan geçdi
Gazprom Akdyrylýan Tebigy Gazyň 40 Göterim Azaljakdygyny Beýan Etdi
Demir ýol taslamasyny durmuşa geçirer
Müsür tiz otlular üçin 2 müň kilometrlik demir ýol gurmakçy
“Siemens”-iň ilkinji wodorod ýangyçly otlusy
Brendleriň 200-den gowragy Russiýa dolanmak isleýärler