Senagat pudagynda iş alyp barýan “Siemens Mobility” hem-de “Deutsche Bahn” demirýol kompaniýasy howany hapalamaýan otlulary öndürmek üçin tagalla edýär.
Häzirki wagtda dünýäniň köp ýerinde dizel ýangyçly demirýol ulaglary giden peýdalanylýar.Köp ýangyç talap edýän hem-de howany hapalaýan motorlaryň deregine arassa ýangyçdan peýdalanýan demirýol ulaglary işlenip taýýarlanýar. “Siemens Mobility” kompaniýasy wodorod ýangyjy bilen işleýän otlulary taýýar etdi.
Kompaniýanyň baş direktory Maýkl Piter bu barada beren beýanatynda “Iňňän güýçli relsler we alternatiw ýangyçlar bilen howanyň üýtgemegine garşy Ýer ýüzünde alnyp barylýan öňüni alyş çärelerine möhüm goşant goşup bileris. “Mireo Plus H” wodorod otlusy howa üçin amatly we daşky gurşawa zyňyndysyz ýolagçy gatnawlaryny üpjün eder” – diýip belledi.
“Mireo Plus H“ otlusy deňeçer awtoulag gatnawy bilen deňeşdirilende, umumy ulanylyş möhleti 30 ýyla çenli kepillendirilen hyzmat ediş möhletiniň dowamynda 45 müň tonna çenli kömürturşy gazynyň zyňyndysyny aradan aýryp biler.
“Krefeld-Uerdingen“ zawodynda öndürilen “Mireo Plus H” otlusy kuwwatly hereketlendiriji güýjüne eýedir. Otly ýangyç öýjüginden we litiý-ion batareýinden ybarat. Häzirlikçe 1000 kilometr aralyga çenli niýetlenen bu otlynyň iň ýokary tizligi sagatda 160 kilometre deň.
Wodorod otlulary, esasan, howa üçin amatly tehnologiýa bolup, daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni amak üçin geçirilýän dünýä möçberli ägirt uly taslamalar üçin oňyn başlangyçlaryň biridir. Sebäbi, bu otly ýaşyl wodorod bilen, 100% zyňyndysyz işlemäge ukyply bolup, otludan diňe suw bugy bölünip çykýar.
Habar berilmegine görä, “Mireo Plus H” otlusy geljek ýyl Baden-Wýurtemberg aralygynda synag edilip başlanar. 2024-nji ýyldan başlap bolsa “H2goesRail“ taslamasynyň Týubingen-Horb-Pforsgeým aralygyndaky yzygiderli ýolagçy gatnawlary ýola goýlar.
Belläp geçsek, hyzmatdaşlaryň bilelikdäki maliýeleşdiriş taslamasy resmi taýdan “H2goesRail“ diýlip atlandyrylýar.
Ýurduň hökümeti 2030-njy ýyla çenli demir ýol ulgamynyň 75 göterimini elektrikleşdirmägi maksat edinýär.
Kompaniýanyň habaryna görä, häzirki wagtda tutuş ýurt boýunça “Deutsche Bahn”-yň 3000 töweregi dizel ýangyçly ulagy işleýär. Bular ýakyn ýyllarda elektrik batareýalary ýa-da wodorod ýaly alternatiw ýangyçlar bilen çalşylar.
Her niçik-de bolsa, wodorod otlularynyň Germaniýada düýbünden täzelik däldigini bellemelidiris.Belläp geçsek, 2018-2020-nji ýyllar aralygynda “Coradia iLint“ Bremerfýorde bilen Kukşaweniň arasynda synag edilipdi.
Ilkinji otlusyny synagdan geçiren “Alstom” kompaniýasy ony “dünýädäki ilkinji wodorod otlusy“ diýip häsiýetlendiripdi.Synaglar Fransiýada, Awstriýada, Şwesiýada we Polşada hem geçirilipdi. “Alstom” häzirki wagtda arassa ýangyçly otlyny işläp taýýarlaýar.
Otlulary şu ýylyň ahyryna çenli ulanyşa goýbermek meýilleşdirilýär.
Sapargeldi MOMMADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.