Sibiriň elektrotehniki zawody Türkmenistanda hyzmat ediş merkezini açmakçy

Sibiriň elektrotehniki zawody Türkmenistanda hyzmat ediş merkezini açmakçy

Russiýa Federasiýasynyň Nowosibirsk oblastynyň "Sibiriň elektrotehniki zawody" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktorynyň orunbasary Andreý Ýekimow kompaniýanyň Türkmenistanda hyzmat ediş merkezini açmagy meýilleşdirýändigini OGT-2023 sergisiniň dowamynda “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetine beren interwýusynda mälim etdi.

Soňky birnäçe ýylda kompaniýa hereket edýän göni şertnama arkaly "Türkmennebit" we "Türkmengaz" döwlet konsernleri, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki döwlet we hususy düzümleri bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýär.

"Sibiriň elektrotehniki zawody" elektrik ejamlarynda, senagat maşynlarynda abatlaýyş işlerini geçirmäge, senagat we aşa ýokary temperatura durnukly elektrik hereketlendirijileri, generatorlary we transformatorlary öndürmäge ýöriteleşendir.

2004-nji ýyldan bäri elektrik hereketlendirijileri we generatorlary öndürýän "Sibiriň elektrotehniki zawody" öz önümlerini dünýäniň birnäçe ýurtlaryna, şol sanda Wenesuela, Hytaýa we Hindistana eksport edýär.

Ýene degişli makalalar

Ýüpek ýoly ― 2024 rallisi: türkmen sürüjileri öňdebaryjylaryň hatarynda
Tywa Türkçesi
Türkmenhowaýollary agentligi daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçuşlary üçin petek satuwyny amala aşyrýar
Russiýada 56 dereje sowuk hasaba alyndy
2023-nji ýylyň iň gowy kitaplary saýlandy
Russiýa Hytaýa akdyrylýan gazyň möçberini artdyrar