Si Szinpiniň Täjigistana döwlet sapary meýilleşdirilýär

Si Szinpiniň Täjigistana döwlet sapary meýilleşdirilýär

Şu ýyl Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Täjigistana döwlet sapary meýilleşdirilýär. Bu barada Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin Duşenbede resmi sapar bilen bolýan hytaýly kärdeşi Wan I bilen duşuşygyň barşynda habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Biziň gatnaşyklarymyzyň 2024-nji ýyldaky gün tertibinde esasy mesele Hytaý Halk Respublikasynyň hormatly Başlygynyň Täjigistana meýilleşdirilýän döwlet saparydyr diýip, täjik daşary syýasat edarasynyň başlygy aýtdy.

Szinpin Duşenbede 2019-njy ýylyň iýunynda döwlet sapary bilen boldy we ýurduň Prezidenti Emomali Rahmon bilen gepleşikleri geçirdi. Ol şonda täjik paýtagtynda geçen Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň bäşinji sammitine hem gatnaşdy.

2023-nji ýylyň maýynda Rahmon Hytaýa döwlet sapary bilen baryp, döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli Merkezi Aziýa-Hytaý sammitiniň birinji ýygnagyna gatnaşdy. Ol gepleşiklerden soňra Si Szinpini özi üçin amatly wagtda Täjigistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Täjigistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy saparyň möhletiniň diplomatik ýollar arkaly ylalaşyljakdygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Täjigistanyň we Hytaýyň liderleri ählitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada beýannama kabul etdiler
Tahti Sangin gadymy şäher harabaçylygynyň 2500 ýyllygy we Abu Reýhan Biruniniň 1050 ýyllygy ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Duşanbede Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Täjigistana barar
Türkmenistan iň arzan benzinli ýurtlaryň sanawynda 7-nji orny eýeledi, Tölegde AŞTU-nyň hyzmatlaryny tölemek mümkinçiligi döredildi, Nazir Habibowyň täze albomy we beýleki habarlar
Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana saparynyň meýilnamasy maslahatlaşylýar