
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Pekinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy. Döwlet ýolbaşçylary ýurduň paýtagtyndaky Dýaoýuýtaý döwlet kabulhanasynda duşuşdylar diýip, Trend.az habar berýär.
Şols HHR-de geçen annadan bäri üç günlük resmi sapar bilen bolýar, bu Kansleriň Hytaýa ikinji saparydyr. German wekiliýetiniň düzüminde daşky gurşaw, oba hojalyk we ulag ulgamlaryna ýolbaşçylyk edýän ministler, şeýle-de Siemens, BMW we Mercedes-Benz ýaly öňdebaryjy nemes kompaniýalarynyň wekilleri bar.