Si Szinpin: Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin

Si Szinpin: Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpinden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy.

"Türkmenistan" gazetinde çap edilen hatynda HHR-iň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 75 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag haty üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edýär.

— Geçen ýyl biz Siziň bilen iki gezek duşuşdyk, bilelikde hytaý-türkmen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmak, şeýle hem ikitaraplaýyn derejede “Bitewi ykbal bileleşigi” konsepsiýasyny durmuşa geçirmek barada ylalaşdyk.

Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin hem-de kuwwatly döwleti gurmak maksadyndan ugur alyp, iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine Hytaýyň we Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşigi” konsepsiýasyny bilelikde durmuşa geçirmek üçin tagalla etmäge taýýardyryn — diýip, Si Szinpin ýollan hatynda belleýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hatynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistana ösüş hem-de rowaçlyk, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýär.

Ýene degişli makalalar

Putin Erdogany Täze ýyly bilen gutlady
Si Szinpin: Hytaý siwilizasiýanyň täze görnüşini döretdi
Szinpin maýyň birinji ýarymynda üç Ýewropa ýurduna sapar eder
HHR-iň Başlygy Si Szinpin Fransiýa döwlet saparyny amala aşyrdy
Putin Hytaýa döwlet sapary bilen barar
Türkmen wekiliýeti Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň "Geljege köpri --- 2024" forumyna gatnaşýar
Aşgabatda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly forum geçirildi