Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk hatyny iberdi.
"Türkmenistan" gazetiniň şu günki sanynda çap edilen hatynda HHR-iň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 75 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag haty üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edýär.
— Geçen ýyl Siz Bir guşak, bir ýol üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaýa geldiňiz. Şonda biz Siziň bilen netijeli duşuşyk geçirdik, Hytaýyň we Türkmenistanyň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada möhüm ylalaşyklaryň birnäçesini gazandyk, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin täze meýilnamalary belledik.
Men hytaý-türkmen hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly üns berýärin hem-de energetika we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ilerletmek, Hytaýyň we Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşigi” konsepsiýasyny bilelikde durmuşa geçirmek üçin tagalla etmäge taýýardyryn — diýip, HHR-iň Başlygy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iberen hatynda belleýär.
Hytaý Lideri hatynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Liderine berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistana ösüş hem-de rowaçlyk, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýär.