Si Szinpin BRIKS sammitine gatnaşar

Hytaýyň daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Hua Çunin Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň 21-24-nji awgustda Günorta Afrika Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyryp, Ýohannesburgda geçiriljek BRIKS sammitine gatnaşjakdygyny aýtdy.

-Günorta Afrikanyň Prezidenti Siril Ramafosanyň çakylygy bilen Hytaýyň Başlygy Si Szinpin 21-25-nji awgust aralygynda Günorta Afrika Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar hem-de Ýohannesburgda geçiriljek 15-nji BRIKS sammitine gatnaşar diýip Hua Çunin aýtdy.

22-24-nji awgustda Ýohannesburgda geçiriljek BRIKS sammitinde Hytaýyň, Hindistanyň, Braziliýanyň, Günorta Afrikanyň liderleri, şeýle-de Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow gatnaşar. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň sammite wideo konferensiýa arkaly gatnaşjakdygy habar berildi.

BRIKS Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrikany öz içine alýar. Şeýle hem, soňky wagtlar Argentina, Eýran, Alžir, Tunis, Türkiýe, Saud Arabystany we Müsür ýaly 20-e golaý döwlet ykdysady bileleşige goşulmak isleýändigini mälim etdiler.

Ýene degişli makalalar

BRIKS-e agza ýurtlar artýar
Günorta Afrika Respublikasynda nebit tankeri partlady
Ýewropada 2023-nji ýylyň medeni paýtagtlary
Günorta Afrikada Bolan Uçar Heläkçiliginde 3 Adam Ýogaldy
GAR-da bir wagtda 800 jübüt nikadan geçdi
BRIKS umumy pul girizip biler
Afrikanyň iň çetki şäheri