“Shell” ýokary girdeji hasaba aldy

Niderland-iňlis bilelikdäki nebit kompaniýasy bolan “Royal Dutch Shell” 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary çärýeklik peýdany alandygyny mälim etdi.Kompaniýa mart aýynyň ahyryna çenli bolan üç aýlyk döwürde 9,1 milliard girdeji gazanandygyny habar berdi.

Nebit kompaniýasy geçen ýylyň degişli döwründe 3,2 milliard, geçen ýylyň soňky çärýeginde 6,4 milliard dollar girdeji gazanypdy. Şeýle hem bu habar mälim edilenden soňra kompaniýany paýnamasynyň bahasy 36 göterim artdy.

Ýeri gelende bellesek, ýylyň birinji çärýeginde Fransiýanyň “Total Energies”, Norwegiýanyň “Equinor” we ABŞ-nyň “Chevron” hem-de “Exxon Mobil” kompanýalary hem ýokary ýokary girdeji gazandylar.

Serdar Annaklyçew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Russiýa 24-nji Fewralda Başlan Söweşden Bäri Fosil Ýangyçdan 63 Milliard Ýewro Girdeji Gazandy
Iň girdejili kompaniýalar
“Shell” kompaniýasynyň düýp edarasy Britaniýa geçiriler
Ýaşyl energiýa maýa goýýar
Brand Finance 2022-nji ýylda dünýäniň iň güýçli nebitgaz brendleriniň sanawyny düzdi
Iň güýçli nebitgaz brendleri