Energiýa pudagynda iş alyp barýan dünýäniň iri kompaniýalarynyň biri bolan “Shell” Angliýanyň elektroulaglara zarýad berýän beketler toplumyna eýeçilik edýän “Ubitricity”-ni satyn almak üçin ylalaşyk gazandy.Esasan, nebit-gaz pudagynda iş alyp barýan kompaniýa soňky ýyllarda elektrik energiýasy bilen işleýän awtoulag pudagy bilen gyzyklanýar.
Kompaniýa köpçülige beren beýanatynda elektrokarlara zarýad berýän iň uly beketler toplumynyň ähli paýnamasyny satyn alandygyny mälim etdi. 2008-nji ýylda döredilen “Ubitricity”-niň näçe bahadan satylandygy mälim edilmedi.Bu şereket ýurtda köçeleri ýagtylandyrýan çyralaryň sütünlerine elektroulaglara zarýad beriji enjamlary ýerleşdiripdi. Şeýlelikde, ýurduň köp şäherinde ulaglara zarýad bermek üçin iň uly tor emele gelipdi. “Ubitricity”-niň Angliýada 2 müň 700, Germaniýada we Fransiýada 1 müň 500 zarýad beriji nokady bar.
Gülaýym Saparmyradowa,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
The post “Shell” elektroulag pudagyna maýa goýýar appeared first on Zaman Türkmenistan.