Shell britan-niderland energetika kompaniýasy dünýäniň iň gymmat bahaly nebitgaz brendleriniň sanawynda öňdeligini saklap galdy. Bu barada Brand Finance seljeriş kompaniýasynyň hasabatyna salgylanýan Interfax.ru habar berdi.
Bir ýylda kompaniýanyň nyrhy 4 göterim gymmatlap, 50,3 mlrd dollara deň boldy.
Sanawda ikinji orny öňküsi ýaly Saudi Aramco (46,1 mlrd doll.), üçünji orny PetroChina (28,5 mlrd doll.), dördünji orny Sinopec (26,7 mlrd doll.) eýeledi. Bäşinji orna BP plc (18,5 mlrd doll.) çykdy, fransuz TotalEnergies kompaniýasy bolsa 17 mlrd dollar görkeziji bilen altynjy orna düşdi.
Iň çalt gymmatlaýan brend hökmünde Kataryň Qatar Energy kompaniýasy yglan edildi (82 göterim ösüş, 3,2 mlrd doll. çenli). Muňa kompaniýanyň Qatargas kompaniýasy bilen şowly goşulyşmagy sebäp boldy.