Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI daşary döwletleriň bilim ojaklary bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI daşary döwletleriň bilim ojaklary bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär

Türkmenistanyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda daşary döwletleriň bilim ojaklary bilen hyzmatdaşlyklaryň gerimi güýçlendirýär. Bu hyzmatdaşlygyň bir bölümi ÝUNESKO kafedrasy bilen baglydyr.

Täze kafedrany döretmäge Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hem ýokary derejede taýýarlyk görülýär. ÝUNESKO kafedrasyny döretmek boýunça Özbegistanyň Nyzamy adyndaky Daşkent döwlet pedagogik uniwersiteti, Buhara döwlet uniwersiteti, Belarusyň A.S.Puşkin adyndaky Brest döwlet uniwersiteti, Russiýanyň Wolgograd döwlet sosial-pedagogik uniwersiteti Türkmenistandaky iň baýry mugallymçylyk bilim ojagynyň hyzmatdaşlary boldular.

Instituta bu ýokary okuw mekdeplerinden halkara goldaw hatlary gelip gowuşdy.Bu ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly gepleşikler hem geçirildi.

Häzirki meýilleşdirilýän işlere görä, ýurdumyzyň iki ýokary okuw mekdebinde dörediljek täze kafedra her dört ýylda bir mowzuk boýunça işlär. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2022 ― 2026-njy ýyllar üçin Häzirki döwrüň ýaşlarynda ekologiýa bilimini we medeniýetini kämilleşdirmek diýen mowzugy saýlap aldy.

Jemşit MIRZAÝEW,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet

mugallymçylyk institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-de ÝUNESKO kafedrasyny döretmäge taýarlyk görülýär
Özbegistanly talyp Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guran bäsleşiginde ýeňiji boldy
Akyldaryň okan mekdebi
Özbek edebiýaty: uzak geçmişden biziň günlerimize çenli
Aşgabatdaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desseleri goýuldy
9-njy Global Bakuw Forumy