Seýilgähe ady dakylar

Rasul Gamzatowyň doglan gününiň 100 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde Sankt-Peterburgda şahyryň hormatyna seýilgähe ady dakylar. Bu seýilgäh demirgazyk paýtagtyň Kalininskiý etrabynda ýerleşýär. Golaýda dagystanly şahyryň doglan gününiň 100 ýyllygyny bellemek we oňa taýynlyk görmek boýunça guramaçylyk komitetiniň ilkinji maslahaty geçirildi.

-Rasul Gamzatowyň milli medeniýete goşan goşandyny göz öňünde tutup, biziň umumy wezipämiz işleri iň ýokary derejede guramak, bu baýramçylygy diňe Dagystanda däl, eýsem tutuş Russiýada möhüm waka öwürmek diýip, Russiýa Federasiýasynyň wise premýeri Tatýana Golikowa aýtdy.

Duşuşykda şahyryň ýubileý dabarasyna taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek boýunça hereket meýilnamasy tassyklanyp, oňa 42 çäre girizildi. Çäreleriň köpüsi geljek ýyl üçin meýilleşdirilýär. Esasy wakalar Rasul Gamzatowyň 100 ýyllygyny Mahaçkalada, şeýle hem Moskwada Kreml köşgünde baýram etmekden ybarat bolar.

Rasul Gamzatow 1922-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda dogulýar.Onuň goşgularynyň ýygyndylary millionlarça nusgada neşir edildi, dünýäniň onlarça diline terjime edildi.Gamzatowyň goşgularyndan we kyssalaryndan parçalar alyndy, kompozitorlar onuň şygryýetinden ylham aldy. Şeýlelik bilen, onuň eserlerinden dörän aýdymlary Muslim Magomaýew, Wahtang Kikabidze ýerine ýetirdi we Mark Bernes bolsa, bütin dünýäde meşhurlyk gazanan “Ak durnalar” kompozisiýasyny ýerine ýetirdi.

Gamzatow 2003-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Moskwada aradan çykdy.

Ýene degişli makalalar

Resul Gamzatowyň 100 ýyllygyna bagyşlandy
Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bellenildi, aşgabatly konditer Pýatnisa! teleýaýlymyndaky gepleşige gatnaşdy, Özbegistanyň çäginde Türkmenistan türkmen döwlet teleýaýlymy elýeterli boldy we beýleki habarlar
Dostluk deňziniň ornuna harbylaşdyrylan suw howdany. Rus harbylary Hazar deňzini nähili peýdalanýar?
Türkmenistanly aýdymçy Ka-Re Dagystanyň medeniýet ministriniň myhmany boldy
Türkmenistan bilen Dagystan yzygiderli gämi gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär
Russiýa Demirgazyk — Günorta geçelgesi boýunça Türkmenistan bilen söwdanyň ýokary depginde ösmegine garaşýar