Şu ýyl 140 ýyllygyny belleýän Aşgabadyň seýilgähleri we suw çüwdürimleri ak mermerli paýtagtymyzyň bezegi bolmak bilen birlikde, binagärlik keşpleri bilen paýtagtymyzyň gurşawynyň ajaýyplygynyň üstüni ýetirýär.Olar durmuş nukdaýnazaryndan dynç almak we gezelenç etmek üçin ýer hökmünde we ekologiýa babatda ýumşak, oňaýly mikroklimaty emele getirýän düzümler hökmünde şäheri ösdürmegiň möhüm ugruna öwrüldi.
Munuň şeýle bolmagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemişe uly üns berýär.Aşgabatda dürli-dürli suw çüwdürimlerini meýdançalarda we şaýollaryň ugrunda, hökümet, dolandyryş binalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat kärhanalarynyň, söwda merkezleriniň öňünde we şuňa meňzeş beýleki ýerlerde görmek bolýar. Çäkleriniň köp bölegini dünýäniň iň uly sähralarynyň biri eýeleýän ýurdumyzyň gurak zolakly şertlerinde çüwdürilýän suwlardan döredilen haýran galdyryjy şunuň ýaly tomaşalar ýaşaýyş we bereket hem-de daşky gurşawyň gözelligini bagyş edýän suw bolçulygy baradaky arzuwlaryň yhlasly zähmet bilen hasyl bolandygynyň ajaýyp nyşanydyr.
Aşgabat ilatyň jan başyna suw çüwdürimleriniň iň köp möçberiniň jemlenen paýtagty hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna nobatdaky gezek girmäge hemme esaslara eýedir.Onuň “Oguz han” suw çüwdürimleri-heýkeller toplumy jemgyýetçilik ýerinde suw çüwdürimleriniň iň köp jemlenen ýeri hökmünde eýýäm bu neşire girdi. Ýylyň hemme döwürlerinde we gije-gündizlerde suw çüwdürimleri paýtagtymyzyň owadan görnüşleriniň gymmatly bezeg aýratynlyklary bolup hyzmat edýär, ýöne has-da agşamlaryna, haçanda, olaryň çüwdürilýän akymlary yşyklandyrmalaryň şöhlelerinde älemgoşaryň ähli reňklerinde öwşün atanda, göýä haýran galdyryjy genji-hazyna öwrülýär.
Olar seýilgähler, tebigy gözellikler bilen birlikde, hakyky şäher gurşawyny, jemgyýetçilik giňişligine çeper mazmun bermek sungatyny emele getirýär.Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat özüniň çeper-gözellik keşbini düýpli özgertdi.
Bu ýerde adamyň we giňişligiň sazlaşygyny döredýän täze seýilgählerdir ýaşyl zolaklar peýda boldy, ençeme heýkel ýadygärlikleri, binalar gurlup, döwrüň ruhuny beýan edýän şäher gurşawynyň manyly keşbine, onuň ajaýyp görküniň täze nurana öwüşginlerine öwrüldi.
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň dynç alýan iň söýgüli ýerleriniň biri “Ylham” seýilgähidir.Açyk asmanyň astyndaky özboluşly taryhy-çeper muzeýde kyrkdan gowrak heýkeller jemlenip, olara köp sanly suw çüwdürimleri aýratyn gözellik çaýýar.
Olar agşamlaryna yşyklandyrmalar arkaly we sazlaryň ýaňlanmagy bilen seýilgähi ertekilerdäkä çalymdaş gözellige öwürýär.Aşgabat özüniň çäklerini giňeldýär hem-de barha owadan, ýaşamak, zähmet çekmek we dynç almak üçin oňaýly, has arassa we bagy-bossan şähere öwrülýär. Şäheriň töwereginde eýýäm el bilen döredilen tokaýlyklar özüniň çägini giňeldýär, olaryň üsti her ýyl täze nahallar bilen ýetirilýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän şu ýyl ýurdumyzda 30 million düýp bag nahallary ekiler.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, saýaly, pürli, miweli agaçlaryň hem-de üzümleriň 10 million düýp nahalyny ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we Aşgabat şäher häkimligi oturdarlar.
Biz gözellik nury bilen öwşün atýan merjen paýtagtymyza — Aşgabadyň görküne buýsanýarys.Häzirki zaman seýilgähleri, suw çüwdürimleri hem-de heýkel toplumlary paýtagtymyzyň gözelligine aýratyn görk goşýar.