Seýil ýodalar

Güýzüň ýagyşly çigrek günleriniň birinde, Tula şäheriniň ýagmyr suwuna ezilen, tigirleriň yzlaryndan ýaňa ýüzüne nagyş çekilene dönen, egrem-bugram ýaýbaň ýollarynyň birinden guýruklary palçykdan ýaňa gatap giden üç atly paýtun haýdap barýardy.

Ol bir bölegi döwlet poçta menzili, beýleki bir bölegi dynç almak hem-de garbanmak üçin diýseň amatly bolan hususy gonalgada, uzyn agaç jaýyň öňünde haýallady.Paýtunyň sürüjisi bili pugta guşalan mawutdan tikilen galyň geýimli, agrasdan garaýagyz ýüzli, gadymy galtamanlaryňka çalymdaş selçeň şar gara sakgally daýaw pyýadady, onuň ýolagçysy bolsa başy gara papakly, egni samyr derisinden tikilen dik ýakaly, nikolaýew biçüwli çal ýapynjaly, ýaşy bir çene barsa-da syraty ýerinde bolan harby gullukçydy.

Onuň gür gara gaşy, sakgalsapy bilen birleşýän ak murty bardy, syrylan eňegi taýpy ýalydy, tutuş durky Aleksandr II çalym edýärdi.Bu sypat Aleksandryň patyşalyk eden döwründe harbylaryň arasynda ýoňdy, onuň içiňden geçip gelýän garaýşy hem soragly, agras, şol bir wagtda-da ýadawdy.

Atlar aýak çekensoň, ol paýtundan ilki bilen uzyn gonçly harby ädikli aýagyny çykardy, soňra-da gaýyş ellikli eli bilen ýapynjasynyň syýyndan tutup özi çykdy. Ol çalasyn ädimler bilen agaç jaýyň basgançagyndan ylgap ýokaryk galdy.

Siziň alyjenabyňyz, çep tarapda diýip, paýtunçy oturan ýerinden zorruk sesi bilen gygyransoň, uzyn boýly o kişi gapynyň agzyndan sähelçe eglip, daşky otaga, soňra çepe öwrülip, gonalganyň işiginden ätledi.

Jaýyň içi gor ýaly ýylydy, arassa, hemem päkizedi. Çep burçda üsti arassa mata bilen örtülen stol, stoluň başynda bolsa, tämiz oturgyçlar goýlandy. Sag künjekde ýerleşen peç täzelikde hek bilen agardylandy, pejiň gapdalynda bolsa, üstüne ala basyryk atylan arkasyz diwana çalymdaş bir zat durdy. Pejiň ýapysynyň aňyrsyndan kelemli, sygyr etli we lawr ýaprakly naharyň işdäňi oýarýan datly ysy gelýärdi.

Myhman ýapynjasyny çykaryp, ony oturgyjyň üstüne taşlady welin ol mundirde we ädikde has-da syratly göründi.Soňra ol elliginidir, papagyny çykardy hem-de argyn halda gany gaçan hor eli bilen başyny sypady.

Onuň çekgesine goýberilip daralan çal saçlary gözüniň gytagyna tarap çalaja buýralanyp gidýärdi.Gara gözli, gelşikli süýnmek ýüzüniň käýerinde ownuk mama yzlaryny görmek bolýardy.Jaýda hiç kim ýokdy, ol bu ýagdaýa nägile şekilde daşky jaýa açylýan gapyny çalaja itekledi-de:

Adam barmy? diýip gygyrdy.

Ara wagt salman jaýa gara saçly, gara gaşly, heniz görmegeýligini ýitirmedik zenan girdi. Göwresi dolmuş bolsa-da, ýeňil gopýan, üçburç açylan ýakaly gyzyl köýnekli bu zenan sygana çalym edýärdi. Ol:

Hoş geldiňiz, siziň alyjenabyňyz! Bir zatlar garbanmak isleýäňizmi ýa-da çaý içjekmi? diýdi.

Myhman onuň giň çiginlerine, könelişen gyrmyzy tatar köwüşli ýeňil aýaklaryna çalaja göz aýlady-da, sözleriniň arasyny bölüp-bölüp, perwaýsyz jogap berdi:

Çaý. Siz hojaýynmy ýa-da hyzmatçy?

Men hojaýyn, siziň alyjenabyňyz.

Diýmek, eýesi özüňiz-dä?

Hut şeýle.

O nähili beýle bolýar? Işleri özüňiz ýöredýän bolsaňyz, onda siz dul-hatynsyňyzda!

Dul däl, siziň alyjenabyňyz, bizem bir zat edip günümizi aýlamaly ahyryn. Galyberse-de, hojalygy dolandyrmagam gowy görýän.

Dogry, dogry. Örän oňat. Içeriňem arassa, hem ýakymly eken.

Zenan gözlerini süzgekledip, oňa birsyhly seretdi-de:

Arassaçylygam gowy görýän diýip, sözüni dowam etdi. Baýarlaryň arasynda ulalybam, içerini tämiz saklamagy oňarmasaň bolmaz ahyryn, Nikolaý Alekseýewiç!

Erkek kişi birden göneldi-de, gözlerini tegeläp boz-ýaz boldy:

Nadežda, bu senmi? diýip, gyssanmaç ýüzlendi.

Zenan:

Hawa, men, Nikolaý Alekseýewiç! diýip, ol parahat jogap berdi.

Myhman oturgyja çöküp, oňa dikanlap seretdi-de:

Eý, Taňrym! Eý, Taňrym, kimiň kellesine beýle zatlar geler diýsene?! Görüşmänimize näçe ýyl dagy boldy? Otuz bäş ýyl-a bolandyr? diýdi.

Otuz ýyl, Nikolaý Alekseýewiç! Men häzir kyrk sekiz ýaşymda, sizem altmyşyň bäri ýanynda bolmaly.

Şeý diýsene… Eý, Taňrym, bu nähili geň!

Näme geň, jenap?

Hemme zat, hemme zat… Sen neneň muňa düşünmeýäň!

Onuň argynlygy, aljyraňňylygy bir ýerlere zym-zyýat boldy. Ol ýüzüni ýerden galdyrman ör turdy-da, dogumly ädimler bilen otagyň içinde ikibaka gezmeläp başlady. Soňra aýak çekip, çalaran saçlarynyň arasynda gyzaryp duran ýüzüni galdyrdy-da:

Şondan bäri sen barada hiç zat bilemokdym. Sen bu ýere nädip düşdüň? Näme üçin hojaýynlaryňkyda galmadyň? diýdi.

Hojaýynlar maňa erkinlik hatyny gowşurdylar.

Soň nirede ýaşadyň?

Bu uzyn hekaýat, jenap.

Durmuşa-da çykmadym diýdiňmi?

Ýok, çykmadym.

Näme üçin, sen şeýle owadandyň ahyryn?

Başarmadym.

Näme üçin? Sen bir zatlar aýtjaga bolýaň?

Bu ýerde düşünmez ýaly zat ýok. Meniň sizi nähili söýenligim megerem, ýadyňyzda bolsa gerek.

Onuň ýüzi gaýtadan lap-lap gyzaryp, gözleri ýaşaryp gitdi, gaşyny çytyp, ýene-de gezmeläp ugrady.

Ähli zat geçýär, gadyrdanym diýip, samyrdady. Söýgem, ýaşlygam ähli zat, ähli zat geçýär. Bu her kimiň başyndan geçip biljek bolgusyz, adaty waka. Ýyllar bilen hemme zat geçip gidýär. Iowyň kitabynda bu barada nämeler aýdylypdy? Akyp geçen suw dek ýatlarsyň.

Hudaý her kime herki zady her tüýsli berýär, Nikolaý Alekseýewiç! Ýaşlyk her kesden geçýär, ýöne söýgi başga mesele.

Ol başyny galdyryp, aýak çekdi-de, ajy ýylgyrdy:

Sen meni şunça wagtlap söýen dälsiň-ä!

Diýmek, söýen ekenim.Näçe wagt geçse-de, diňe ýeke-täk duýgy bilen ýaşadym.Siziň bireýýämden bäri öňki adam däldigiňizem, siziň üçin hamala, hiç zat bolmadyk ýalydygynam bilýärdim. Ýöne indi giç, siziň maňa gaty birehim daranlygyňyz welin hakykat. Şol döwürler Nikolaý Alekseýewiç, men size Nikolenko diýýärdim, siziň meni nähili atlandyranyňyz ýadyňyza düşýärmi?

Siziň maňa garaňky seýil ýodalar barada her hili goşgular okamak gylygyňyzam bardy diýip, zenan yzgytsyz ýylgyrdy.

Nikolaý Alekseýewiç başyny ýaýkap:

Wah, sen nähili gelşikli, niçiksi mährem, neneňsi üýtgeşikdiň! Nähili kaddy-kamatyň, nähili gözleriň bardy. Saňa hemmeler aňkaryp seredýärdiler, ýadyňa düşýärmi? diýdi.

Ýadymda, jenap! Sizem bijaý gelşiklidiňiz. Men öz gözelligimi, yssy mährimi saňa bagyş edipdim ahyryn. Eýsem, bulary unutmak mümkinmi?

Bary geçýär. Bary unudylýar.

Geçse geçýändir, ýöne unudylýan däldir.

Git diýip, ol beýlesine öwrüldi-de, penjiräniň öňüne bardy: Git, haýyş edýän diýdi.

Ol elýaglygyny çykaryp, ýüzüni-gözüni süpürensoň, çalt-çalt gepläp, sözüniň üstüni ýetirdi:

Meni Taňry bagyşlasa bolýar. Sen meni megerem, bagyşlan bolsaň gerek.

Zenan gapynyň golaýyna baryp, aýak çekdi:

Ýok, Nikolaý Alekseýewiç, bagyşlamadym. Eger-de gürrüňimiz duýgularymyza direýän bolsa, göni aýdaýyn, men sizi hiç haçanam bagyşlap bilmedim. Çünki şol döwürlerde maňa dünýäde sizden özge gymmatly kişi ýokdy, soňam bolmady. Şol sebäplem maňa sizi bagyşlamak bolanok. Ýeri, indi nämäni ýatlajak diýsene!

Myhman penjiräniň öňünden aýrylyp, indi has agras keşbe girdi-de:

Hawa, hawa, ýatlamalara berilmegiň geregi ýok, atlary getirmegi buýur diýdi. Ýöne saňa bir zady aýdaýyn.Men durmuşda hiç haçan bagtly bolmadym, bagyşla, mümkin seniň göwnüňe degýändirin, ýöne dogrusyny aýdaýyn, aýalymy näçe söýsem-de onuň bilen ykbalym deň gelmedi.

Ogluma hem özüm terbiýe berip bilmedim… Ýöne welin, bularyň bary, adaty, bihuda geçmiş.Hoş gal, janyňyz sag bolsun, ezizim!Menem durmuşymda iň gymmatly zady seniň bilen ýitiren bolmaly.

Zenan onuň elinden öpdi, olam şol mähremligi gaýtardy.

Paýtuny getirmegi buýur…

Ýola düşenden soň, ýüzüni çytyp oturşyna öz ýanyndan: Hakykatdan-da, örän owadandy! Gözelligi ýesir edýärdi diýdi. Özüniň soňky sözlerini ýatlap gyzardy. Onuň maňa durmuşyň iň oňat pursatlaryny bagyşlany ýalanmy eýsem?!

Ýaşyp barýan Günüň öçügsi sudury göründi.

Paýtunçy abadrak ýollary saýlap, atlary ýorgaladyp barşyna nämedir bir zatlar hakda pikir edýärdi. Ahyry ol zoňtar sesi bilen şeýle diýdi:

Siziň alyjenabyňyz, biz ugran badymyza, ol penjireden şol seretdi durdy. Siz ony köpden bäri tanaýan bolmaly?

Birwagtlar tanaýardym, Klim.

Bu hatyn akylyň öýjügimişin. Hemmeler onuň barha gurplanýandygyny aýdýarlar. Göterimine pul berýärmiş.

Bu hiç zady aňlatmaýar.

O nähili aňlatmaýar! Kim gowy ýaşamak islemeýär! Her işde ynsaply bolsaň zelel ýanaşmaz. Wagtynda gaýtarmadyňmy özüňden gör.

Hawa, hawa, özüňden gör… Birden-de otla gijä galaýmaly, gatyrak gyssasana…

Ýaşyp barýan Gün altynsow şuglasyny ymgyr meýdana seçeleýärdi, atlar bolsa, batgalyk ýodadan des-deň şabyrdyklaşyp barýardylar. Ol gara gaşlaryny çytyp, çala göze ilip gidýän nallara garap, oýa batdy:

Hawa, özüňden gör.Gürrüňsiz, iň gowy pursatlardy.Diňe bir gowy däl, eýsem, hakykatdan-da, ýesir edýän jadyly pursatlardy.Degre daşymda al-elwan bägüller gül açýardy, gamgyn daragtlar bolsa, yraň atýardy… Emma, eý, Taňrym, soňra näme bolup bilerdikä?

Eger-de ony taşlamadyk bolanlygymda nämeler bolardy?Akyla sygmajak zat.Hut şol Nadežda, gonalganyň hojaýyny däl-de, Peterburgdaky öýümiň bikesi, meniň aýalym, çagalarymyň ejesi bolardymy?.

Ol gözlerini ýumdy-da, ahmyr bilen başyny ýaýkady.

Terjime eden Ýegenmämmet Taýlyýew.

Zaman-Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Horasan Türkçesi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permany
Bagtyň salgysy
Belarusda Türkmenistana tehnika iberýän uly biznesmen tussag edildi
Türkmenistanda iş alyp baran iri belarus telekeçisi tutuldy