Singapur hakdaky ilkinji maglumatlara III asyra degişli Hytaý ýazgylarynda duş gelinýär.Singapur sözi malaý diliniň “singa” “ýolbars” we sanskrit diliniň “pura” “şäher” sözlerinden emele gelip “Ýolbarsyň şäheri” diýmegi aňladýar.
Bu täsinliklere baý döwlet 63 sany adada ýerleşýän şäher-döwletidir.Olaryň iň ululary Singapur, Ubin, Tekong-Besar, Brani, Sentosa we Sudong.Singapur Malaýziýanyň düzümine girýän Johor soltanlygy bilen hem-de Indoneziýanyň düzümine girýän, birnäçe adadan emele gelen Riau welaýaty bilen serhetleşýär.
Eýeleýän umumy meýdany 724,2 km kwadrat bolup, dünýäde 171-nji orunda durýan Singapur döwleti 1948-nji ýyldan başlap, Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýar. 2008-nji ýyldan bäri ýurtda “Formula-1 Gran-Pri” ýaryşynyň gijeki tapgyry geçirilýär.
Bu bolsa “Formula-1” ýaryşynyň taryhynda gijeki geçen ilkinji tapgyrdyr. 2010-njy ýylda Singapurda ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda ilkinji Olimpiýa oýunlary geçirildi. 2014-nji ýylda ýurtda 55 müň orunlyk, sebitde iň uly stadion guruldy.
Seýilgähleri we attraksionlary
Şäherde 200 metr beýiklikde ýerleşýän ägirt uly dynç alyş toplumy bar.Toplumda ençeme howdan, seýilgäh bar. 110 metr beýiklikde ýerleşýän ägirt uly diň köpleri haýran galdyrýar.Onuň üstüne çykyp, Singapur we Sentoza adalarynyň haýran galdyryjy görküni synlap bolýar.
Singapur bilen Sentoza adasyny birleşdirýän asma ýoly bu ýere gelen myhmanlara ýurduň tebigatynyň gözelliklerini görmäge mümkinçilik berýär. 55 gatly jaýyň boýuna barabar syn ediş çarhynyň üstünden diňe bir Singapuryň däl, eýsem goňşy adalaryň gözel ýerlerini hem görmek bolýar.
Bu ajaýyp döwletde birnäçe akwaparklar hem bolup, bu ýerde çagalar dürli hili suwda oýnalýan oýunlary oýnap, ýatdan çykmajak pursatlary başdan geçirip bilýärler. Ýurduň 101 gektar ýerini eýeleýän Botanika bagy aýratyn belläp geçilmäge mynasypdyr.
Botanika bagyny döretmek üçin yglan edilen bäsleşige dünýäniň 24 ýurdundan öňdebaryjy gurluşyk kompaniýalarynyň 170-den gowragy gatnaşyp, olaryň ikisi saýlanyp alyndy.Netijede, ägirt uly futuristik botanika bagy guruldy.
Bu ýerde 220 müň ösümlik bar. Şeýle-de, botanika bagynda beýikligi 25 metrden 50 metre çenli ýetýän agaçlardan toplum döredilipdir we agaçlaryň arasynda uzynlygy 125 metre ýetýän köpri gurlupdyr.
Isleg bildirýänler bu köprüde bagyň arassa howsyndan dem alyp, gezelenç edip bilerler. Şeýle hem ýurduň suwasty okeanariumy diňe bir Aziýada däl, eýsem dünýädäki iň ulusydyr.Bu ýerde suw jandarlarynyň 2,5 müňe golaýy ýaşaýar.
Singapur Respublikasy täsinliklere we ajaýyplyklara örän baý döwlet bolmak bilen, ýurduň milli nyşany Merliondyr.Bu mifiki jandar ýolbars kelleli, bedeni bolsa, balyk görnüşindedir.Her ýylyň sentýabr aýynda bu hyýaly jandaryň şanyna baýramçylyk geçirilýär. Şeýle hem ýurduň belli desgalarynyň biri bolan Çangi halkara howa menzili Günorta-Gündogar Aziýada iň uly howa menzilidir.
Bu howa menzilinde ýylda 36 milliondan gowrak adamlara hyzmat edýär.Singapur Londondan, Nýu-Ýorkdan we Gonkongdan soň dünýäniň iň uly maliýe merkezi hasaplanylýar. “Rysgal” suw çüwdürimi dünýäde iň uly we iň owadan suw çüwdürimi hökmünde (28 metr) Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Bu täsinlikler doly ajaýyp döwlet dünýäniň iň kiçi döwletleriniň 20-ligine girmek bilen syýahatçylaryň we jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Merjen SEÝITNAZAROWA, Hojambaz etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň çyzuw mugallymy.