Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. "Türkmenistan" gazetiniň şu günki sanynda çap edilen bu hatda EYR-nyň Prezidenti 17-18-nji noýabrda Aşgabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisiniň hem-de Iran Prože atly ýöriteleşdirilen serginiň üstünlikli geçirilmeginden diýseň kanagatlanýandygyny beýan edýär.