Seýdiniň LB-K/12 türmesinde gozgalaň boldy

Seýdiniň LB-K/12 türmesinde gozgalaň boldy

Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde ýerleşýän LB-K/12 türmesinde gozgalaň boldy. Tussaglaryň özarasynda bolan gozgalaň barada Azatlyk Radiosynyň Seýdi we Türkmenabat şäherleriniň polisiýa bölümlerindäki ygtybarly çeşmeleri we agzalýan türmede hossary oturan lebaply ýaşaýjy gürrüň berdi.

“Iýul aýynyň soňky hepdesinde bolan gozgalaňyň döremegine bendileriň iki toparynyň arasyndaky çaknyşyk sebäp bolupdyr. Ýakynda azatlyga çykan jenaýat ketdesiniň deregine bendileriň bir toparyndan täze ketde bellenenden soň, beýleki topar özlerinden ketde bellenilmegini isläp, muňa nägilelik bildiripdir. Netijede, iki topar çaknyşypdyr” diýip, Seýdiniň polisiýa bölümindäki çeşmämiz aýtdy.

Ol gozgalaňa gatnaşan bendileriň anyk sanynyň belli däldigini, ýöne olaryň onlarçadygy barada maglumatyň bardygyny hem belledi.

“Türmedäki sakçylar fiziki taýdan gowşak güýçde bolansoň, olar gozgalaňy ýatyryp bilmändirler. Ýöne wakanyň bolan ýerine tiz wagtda pitnä garşy ýörite güýçler geldi we gozgalaň basylyp ýatyryldy. Bendileriň arasynda ýaralananlar bar” diýip, çeşmämiz belledi.

Çeşmelerimiziň tassyklamagyna görä, gozgalaň basylyp ýatyrylandan soň, dört sany tussagyň işi bir gün içinde kazyýete geçirilip, olaryň her biriniň tussaglyk möhleti 18 ýyla uzaldyldy.

“Olar Seýdide ýerleşýän LB-K/11 ýapyk režime geçirildi” diýip, Türkmenabadyň polisiýasyndaky çeşmämiz belledi.

Ol gozgalaň basylyp ýatyrylandan soň, LB-K/12 türmesiniň çäginde täze düzgüniň girizilendigini hem aýtdy.

“Türmedäki islendik bendi bedenterbiýe maşyklaryny ýerine ýetirse, onda ol türmeden gaçmaklyga taýynlyk görmekde aýyplanyp jezalandyrylýar” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýerli häkimiýetlerden, şol sanda agzalýan türmeden we Seýdiniň, Türkmenabadyň polisiýa bölümlerinden teswir alyp bilmedi.

Redaksiýanyň 9-njy awgustda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň websaýtynda görkezilen telefon belgisine jaň edip, Lebabyň Polisiýa müdirligi bilen habarlaşmak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Ýöne bu maglumaty, ýakyn hossary agzalýan türmede oturan lebaply ýaşaýjy hem tassyklady. Ol wakadan bäri raýatlaryň türmedäki hossarlaryny görmegine rugsat berilmeýändigini hem aýtdy.

“Türmä barýan ýoluň ugrunda polisiýa patrullary bolup, olar gozgalaňdan soň, häzirlikçe bendileri görmäge rugsat berilmeýändigini aýdýarlar. Raýat maşynlary, pyýadalar hiç kim goýberilmeýär” diýip, ýaşaýjy bu çäräniň haçana çenli dowam etjekdigi barada türme ýa-da polisiýa işgärleri tarapyndan maglumat berilmeýändigini hem belledi.

Habarçymyz sebitde howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigini, polisiýa işgärleriniň Seýdi şäheriniň golaýyndaky Dänew etrabyna çenli aralykda gije-gündiz nobatçylyk çekýändigini hem aýtdy.

“Seýdi şäherinde mobil aragatnaşyk hyzmatlarynyň hili hem ep-esli pese gaçdy. Häzir sebitde täze diňiň gurulýandygy barada gürrüňler bar. Bu diňiň dürli radio tolkun uzynlyklaryny basyp ýatyrjakdygy bellenilýär. Bizde mobil aragatnaşyk öňem gowy däldi, indi has-da ýaramazlaşdy” diýip, şäher ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurduň türmelerinde bendileriň ýaşaýyş şertleri we bularda ýüze çykýan hadysalar barada ilat köpçüligine aç-açan maglumat bermeýärler.

Ýöne adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça halkara hasabatlarda türkmen türmelerinde tussaglaryň gynamalara sezewar edilýändigi, olara adamkärçiliksiz çemeleşilýändigi, adam ömrüne howp salýan türme şertlerinde saklanýandygy aýdylyp, bu babatda aladalar beýan edilýär.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurduň türmelerinde saklanýan bendileriň anyk sanyny äşgär etmeýär. Ýöne garaşsyz barlaglar ýurduň türme ilatynyň, dünýä ýurtlary bilen deňeşdirilende, örän köpdügini görkezýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Seýdiniň LB-K/12 türmesinde gozgalaň boldy
Baýramalynyň türmesinde tussaglar adamkärçiliksiz daraşmalardan şikaýat edýär
Amputasiýa operasiýasyny ret eden Mansur Mingelow keselhanadan türmä 'gaýtarylýar'
Daşary ýurt diplomlaryny ykrar etdirmek möwsümi batlanýar, parahorlyk ýokary bilime kölege salýar
Lebaply mugallymlardan edilýän talap lukmançylyk edaralarynda uly nobatlaryň döremegine getirdi
Ýer-suw meselesi, emeldar çalyşmalarynyň aýdylmaýan sebäbi köp sorag döredýär