Şeýbani şu gün Türkiyä sapar gurar

Şeýbani şu gün Türkiyä sapar gurar

Siriýada täze hökümediň Daşary işler ministri Asad Hasan Şeýbaniniň ýolbaşçylyk etmegindäki wekiliýetiň şu gün Türkiyä sapar guramagyna garaşylýar.

Sosial media hasabyndan beýanat beren Şeýbani: "Täze Siriýa wekilçilik etmek maksady bilen, 14 ýyl bäri Siriýanyň halkyna eýe çykan Türkiye Respublikasyna ilkinji resmi saparymy guraryn" diýip habar berdi.

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Saud Arabystanynyň paýtagty Riýad şäherinde geçirilen Siriýa temaly maslahatda Siriýadaky täze hökümediň Daşary işler ministri Asad Hasan Şeýbani bilen duşuşyk geçiripdi.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Saud Arabystanynda Siriýa temaly maslahata gatnaşdy
Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Palestinanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy sapar bilen Palestina çagyrdy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PALESTINA DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
Türkmen-palestin telekeçileriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak meýilleşdirilýär
Mahmud Abbas Türkmenistanyň Prezidentini Palestina sapar bilen çagyrdy