Ukrainanyň Baş ştaby ýurduň gündogarynda ýerleşýän Seweredoneskde “şäher söweşiniň” başlandygyny habar berdi.
Baş ştabdan berlen beýannamada, Russiýanyň Ukraina garşy 101 gün ozal başladan söweşinde Donesk frontynda ýerilen sepgit hakynda maglumat berildi.
Beýannamada, söweşiň ýurduň gündogaryndaky senagat şäheri Sewerodenskde güýçlenýändigi, duşman güýçleri bilen “şäher söweşiniň” başlandygy nygtaldy.
Rus basyp alyjy güýçleriniň Seweredonesiň Sewerskiý Dones derýasynyň çep kenarlaryndaky etrapçalaryň gözegçiligini ele geçirmäge çalyşýandygy bellenildi.
Beýannamada, Hersonda ýerli halkyň rus güýçlerine garşy durmaga dowam edýändigi, Harkowda bolsa duşmanyň gözegçiligi astyndaky ýerleri elinde tutmaga çalyşýandygy ýatladyldy.
Beýannamada soňky 24 sagatda front liniýasynda Russiýa degişli 1 tankyň, 1 topçy ulgamyň, 6 sowutly ulagyň, 3 harby ulagyň, 2 Orlan-10 we 1 taktiki “Eleron” kysymly uçarmansyz howa ulagynyň hatardan çykarylandygy bellenildi.