19-njy iýunda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola we onuň maşgalasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgat berlen alabaý güjükleriniň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Bu alabaýlar Koreýa Respublikasynyň Prezidentine we onuň maşgalasyna şu ýylyň 11-nji iýunynda olaryň Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň çäginde sowgat berlipdi.
Iki sany alabaý degişli halkara şahadatnamalary bilen birlikde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew tarapyndan Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Kim Tae Jine gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.
Alabaý güjüjekleri 18-nji iýunda amala aşyrylan göni howa gatnawy arkaly Aşgabatdan Seula eltildi.
Dabara Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň diwanynyň, Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, şeýle-de ýurduň abraýly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaradan soňra ilçi B.Durdyýew Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Kim Tae Jin bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi. Duşuşykda koreý tarapy ýurduň Prezidentiniň hem-de Birinji hanymynyň Türkmenistana ama aşyran döwlet saparynyň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen diplomaty öz gezeginde bu saparyň Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdi.