Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň kitaphanasynda Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy (CARC) dostluk güni bellenildi. Bu çäre Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň ilçihanalary bilen bilelikde CARC dostluk birleşigi tarapyndan guraldy. Bu barada Newscentralasia habar berdi.
Çäräniň dowamynda guralan sergide ÝUNESKO-nyň Merkezi Aziýadaky Bütindünýä mirasyna girizilen eserler görkezildi, bu bolsa gatnaşyklaryň sebitiň baý medeni we taryhy mirasyna has çuňňur düşünmegine şert döretdi.
Maksatnamanyň esasy böleginden soň Merkezi Aziýa Miras we Syýahatçylyk akademiki konferensiýasynyň ýörite sessiýasy geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri, akademiki toparlaryň wekilleri we bilermenler gatnaşdy. Çärä gatnaşyjylar medeni alyş-çalyşyň geljegi, syýahatçylykda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek mümkinçilikleri, sebitiň täsin medeni mirasyny gorap saklamagyň ýollary barada pikir alyşdylar.
Bu sessiýanyň dowamynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň syýahatçylyk bölüminiň başlygy A.Agamyradowyň wideo habary görkezildi.
A.Agamyradow öz çykyşynda Türkmenistanyň täsin syýahatçylyk mümkinçilikleri barada aýdyp, taryhy gözel ýerlerini, tebigy gözelligini we medeni ösüş mümkinçiliklerini açyp görkezdi.