Koreýa Respublikasynyň paýtagtynda täze awtobus gatnawy hereket edip başlar, ol özbaşdak, ýagny sürüjisiz bolar. Täze ugur tutuş şäheri kesip geçmek bilen, ýaşaýjylara 87 sany duralgada hyzmat eder diýip, rg.ru ýazýar.
Häzirlikçe gatnaw synag usulynda amala aşyrylar. Ýagny sürüjisiz awtobus her gün bir gezek gatnar we ýolagçylar üçin mugt bolar. Ony 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda tölegli etmek maksat edinilýär. Howpsuzlyk maksady bilen, awtobus ýol-ulag hadysalarynyň döremek töwekgelçiligi ýokary bolan käbir ýerlerdäki duralgalarda saklanmaz.
Awtobusda ýolagçy orunlarynyň sany çäklidir, ýagny onda 22 sany orun bar.
Seulyň häkimligi sürüjisiz jemgyýetçilik ulagyny yzygiderli ösdürmegi maksat edinýär. Paýtagtyň häkimi O Se Hunuň aýtmagyna görä, geljekde sürüjisiz täze gatnawlary ýola goýmak meýilleşdirilýär. Ýurduň Hökümeti ýolagçy gatnatmakda täze ugry ösdürmek üçin bäş ýarym milliard won (4 mln dollar töweregi) bölüp berdi.