Setirleri döwürleri bezeýän dana

Setirleri döwürleri bezeýän dana

ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2023-nji ýylyň 10-24-nji maýy aralygynda Parižde geçirilen 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy ÝUNESKO-nyň Dünýä hakydasy atly halkara sanawyna girizildi.

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şahyrana eserleriniň 70-den gowragynda dürli yklymlar, sebitler, ýer-ýurtlar, irki orta asyr geografik menziller, gadymy, meşhur, şöhratly toponimik merkezler bilen bagly taryhy, edebi aňlatmalara, durmuş hakykatlaryna salgylanylýan tymsallaryň, çeper meňzetmeleriň, jemgyýetçilik gymmatlyklaryň 200-e golaýy dowamly we önümli duş gelýär. Şolaryň biri hem Merkezi Aziýada gadymy dünýäde taryhy rowaçlyklaryň ösüşine işjeň gatnaşan, geçmişiň görnükli yklymara sebitleriniň bolan Turan ülkesidir.

Dünýäniň çeperçilik, ahlak, ylmy we jemgyýetçilik medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşan ussadyň 10-dan gowrak eserlerinde Turan ýaýlasy, onuň bilen serhetleşen mekanlaryň, ülkeleriň, şäherleriň atlarynyň waspnamalary duş gelýär. Şahyryň Bir işe ulaşdy, Arş aglaýa, Eýwany tört gazallarynda Kimi gitdi, Eýran, Turan, Kimi Yspyhan, Töwriz aşdy, Pişiň Eýran bolsa, puştuň Turandyr, Anyň wahemesine Eýran-Turana geldi, Eýran-Turany gezip, azmy-Horasan geldi diýip bellenilýän danawy setirleri taryhy hakykatlaryň çeper söz sungatynyň gözelligine gatnaşygyny, ornuny, sazlaşygyny, gymmatyny giňden we aýdyň açyp görkezýär.

Turan sözüniň etimologok köki sahy gumlarda, jomart düzlerde, ýylçyr dag eteklerde, hoşnut sähralarda, tüçjar topraklarda ýalkananlar, sahawatly, yzzatly, şöwketli, jünbüşli, hurşytly ýaýlalara bagry badaşan sahypkyranlaryň hydyrly mekany, Zynatly zeminiň zerewşan zeberjedi, Tarlaňly töreleriň tylla mekany, Alplaryň altyn arbaply ojagy diýmekligi aňladýandygy, bu yklymyň 20 sany welaýatynyň, 70-e golaý şäherleriniň, kerwensaraýlaryň 200-e golaýynyň müňýyllyklaryň dowamynda ägirt uly taryhy miraslaryň goruna eýe bolan, täze görnüşde dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň kerwenleri bilen baglanyşandygy, bu mekanda orta asyrlarda adamzadyň ylmy, medeni, taryhy ykbalyna uly üstünlikleri getiren alymlaryň 150-den gowragynyň ýaşap geçendigi, imperiýalaryň 15-e golaýynyň taryhy sahnada öçmejek yz galdyrandygy dürli edebiýatlarda bellenilip geçilýär. Şöhratly Turan ülkesiniň gadymy ilatynyň oturymly künjekleri baradaky ilkinji we ygtybarly maglumatlar, ýaşytdaş bolan subutnamalar skif, sak, ahemenit, arşakit, Keýumers, Afrisýab kyssalarynda, Awesta, sanskrit, pählewi çeşmelerinde, Abylkasym Ferdöwsiniň, ibn Haukalyň we Abu Ishak al-Istiharynyň eserlerinde ýatlanylýar.

Häzirki zaman geologiýa ylmynda Turan çöketliginiň, taryhy-arhitetura arhiologik ýadygärlikleriniň yzlarynyň Müňgyşlakdan Mazenderana, Hazardan Hazaraspa, Türkistandan Tebrize çenli bolan aralykdaky ägirt uly giňişliklerde we gurşawlarda saklanyp galandygy bellenilýär.Ozal akan ýerden akarmyş aryk diýlişi ýaly, şöhratly senelere beslenen Arkadag Serdarly-Bagtyýar Ýaşlar ýylynyň 10-25-nji sentýabry aralygynda Saud Arabystan Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen BMG-nyň ÝUNESKO guramasynyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji mejlisinde Türkmenistan, Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän Aram guşaklykdaky Turan çölleri atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň Bereketli Garagum, Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanalarynyň, Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň Ýerajy çäkli goraghanasynyň, mähriban watanymyzyň sebitleýindäki halklaryň ýakynlaşmagy üçin kuwwatly güýç bolup hyzmat edýän, binagärlik pikirleriň öňdebaryjy tejribeleri hem-de haşamly sungatyň gadymy däplerini özünde jemleýän, ýaşlary dürli asyrlar bilen senelýän Amul galasynyň, Mansaf rabadynyň, Könegala kerwensaraýynyň, At-Tahmalaj duralgasynyň, Akja gala kerwensaraýynyň, Gyzylja gala kerwensaraýynyň, Küşmeýhan şäheriniň taryhy-arhitetura arhiologik ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi gadymy Turanyň oturymly ekerançylyk künjeklerine bagtly döwrümizde halkara derejesinde täze döwranyň, merhemetli nazarlaryň dolanýandygyny aýdyň dabaralandyrýar.

Setirleri, döwürleri bezeýän dananyň Gitmediň dünýä, San bolsam atly şygyrlarynda Neýlediň soltany, öldürdiň hany, Şahy-Keýkowusny, Rustem-i Zalny, Jalaleddin Rumy, Jame ul-many, Alarnyň jaýynda men hem kän bolsam diýip ýyllaryň dowamynda arzylanyp gelýän ussatlary hormat, buýsanç, mübärek duýgular bilen ýatlamagy aýratyn guwandyryjydyr.

2023-nji ýylyň 29-njy maýynda BMG-nyň ÝUNESKO guramasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde agza döwletleriň teklipleri boýunça ÝUNESKO tarapyndan 2024-2025-nji ýyllarda bu Gurama bilen bilelikde bellenjek şanly seneleriň tertibi tassyklandy.

Ara alnyp maslahatlaşmalaryň netijesinde, Ýerine ýetiriji geňeşiň Baş konferensiýasy tarapyndan ÝUNESKO-nyň gatnaşmagynda 2024-2025-nji ýyllar aralygynda halkara derejesinde şanly seneleri dabaraly belläp geçmegiň çözgütleri barada taryhy kararlar kabul edildi we tassyklady.

Olaryň arasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň söýüp ezizlän, hormat goýup hatyralan, şöhratly ykballary, mertebeli ömürleri hem-de döredijilik ylhamyna güýç beren sahawat daragtynyň kökleriniň mähriban watanymyz bilen bagly bolan Emir Unsura al Meali Keýkowus ibn Iskender ibn Kabus ibn Wuşmagir ibn Zairiň doglan gününiň 1000 ýyllygyny belläp geçmek hakyndaky, Möwlana Jelaleddin Muhammet Balhy Rumynyň Jelaleddin Rumynyň eserleriniň külliýaty atly ýygyndylaryň ÝUNESKO-nyň Dünýä hakydasy atly halkara sanawyna goşulmagy bilen bagly taryhy çözgüdiň bilelikde tassyklanylmagy, akyldarlaryň şanly seneleriniň sebitde utgaşykly toýlanmagy, döwürleriň şöhratly ykballary, keremli pursatlary bilen söýündiriji duýgularda, baýramçylyklarda sazlaşmagy köpleriň göwün guşuny ganatlandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Setirleri döwrümiz bilen sazlaşýan akyldar
Täze kitap neşir edildi
Edebiýatçy alymyň täze kitaby neşir edildi
Täjik edebiýaty
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY