Setirleri döwrümiz bilen sazlaşýan akyldar

ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2023-nji ýylyň 10-24-nji maýy aralygynda Parižde geçirilen 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy ÝUNESKO-nyň Dünýä hakydasy atly halkara sanawyna girizildi.

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şahyrana eserleriniň 70-den gowragynda dürli yklymlar, sebitler, ýer-ýurtlar, irki orta asyr geografik menziller, gadymy, meşhur, şöhratly toponimik merkezler bilen bagly taryhy, edebi-geografik aňlatmalar, durmuş hakykatlary duş gelýär. Şolaryň biri hem Merkezi Aziýada taryhy rowaçlyklaryň ösüşine işjeň gatnaşan, geçmişiň görnükli yklymara sebitleriniň biri bolan Turan ülkesidir.

Dünýäniň çeperçilik, ahlak, ylmy we jemgyýetçilik medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşan ussadyň 10-dan gowrak eserlerinde Turan ýaýlasy, onuň bilen serhetleşen mekanlaryň, ülkeleriň, şäherleriň atlarynyň waspnamalary duş gelýär. Şahyryň Bir işe ulaşdy, Arş aglaýa, Eýwany tört gazallarynda Kimi gitdi, Eýran, Turan, Kimi Yspyhan, Töwriz aşdy, Pişiň Eýran bolsa, puştuň Turandyr, Anyň wahemesine Eýran-Turana geldi, Eýran-Turany gezip, azmy-Horasan geldi diýip bellenilýän setirlerinde taryhy hakykatlaryň çeper söz sungatyndaky gözelligi, orny ynandyryjylykly açylyp görkezilýär.

Turan sözüniň etimologik köki sahy gumlarda, jomart düzlerde, ýylçyr dag eteklerde, hoşnut sähralarda, tüçjar topraklarda ýalkananlar, sahawatly, yzzatly, jünbüşli, hurşytly ýaýlalara bagry badaşan sahypkyranlaryň hydyrly mekany, Zynatly zeminiň zerewşan zeberjedi, Tarlaňly töreleriň tylla mekany, Alplaryň altyn arbaply ojagy diýmegi aňladýandygy, bu yklymyň 20 sany welaýatynyň, 70-e golaý şäherleriniň, kerwensaraýlaryň 200-e golaýynyň müňýyllyklaryň dowamynda ägirt uly taryhy miraslaryň goruna eýe bolan, täze görnüşde dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň kerwenleri bilen baglanyşandygy, bu mekanda orta asyrlarda adamzadyň ylmy, medeni, taryhy ykbalyna uly üstünlikleri getiren alymlaryň 150-den gowragynyň ýaşap geçendigi, hökümdarlyklaryň 15-e golaýynyň taryhy sahnada öçmejek yz galdyrandygy dürli edebiýatlarda bellenilip geçilýär.

Şöhratly Turan ülkesiniň gadymy ilatynyň oturymly künjekleri baradaky ilkinji we ygtybarly maglumatlar, ýaşyt bolan subutnamalar skif, sak, ahemenit, arşakit, Keýumers, Afrisýab kyssalarynda, Awesta, sanskrit, pählewi çeşmelerinde, Abylkasym Ferdöwsiniň, ibn Haukalyň we Abu Ishak al-Istiharynyň eserlerinde ýatlanylýar.

Häzirki zaman geologiýa ylmynda Turan çöketliginiň, taryhy-arhitektura arheologik ýadygärlikleriniň yzlarynyň Müňgyşlakdan Mazenderana, Hazardan Hazaraspa, Türkistandan Tebrize çenli bolan aralykdaky ägirt uly giňişliklerde we gurşawlarda saklanyp galandygy bellenilýär.

Geçen ýylyň 10-25-nji sentýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji mejlisinde Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän Aram guşaklykdaky Turan çölleri atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde mähriban Watanymyzyň dürli sebitlerindäki halklaryň ýakynlaşmagy üçin kuwwatly güýç bolup hyzmat edýän, binagärlik pikirleriň öňdebaryjy tejribelerini hem-de haşamly çeperçilik sungatynyň gadymy däplerini özünde jemleýän, ýaşlary dürli asyrlar bilen senelenýän Amul galasynyň, Mansaf rabadynyň, Könegala kerwensaraýynyň, At-Tahmalaj duralgasynyň, Akja gala kerwensaraýynyň, Gyzylja gala kerwensaraýynyň, Küşmeýhan şäheriniň taryhy-arhitektura arheologik ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi gadymy Turanyň – häzirki Türkmenistanyň çäklerindäki irki orta asyr oturymly ekerançylyk künjeklerine bagtly döwrümizde halkara derejesinde täze döwranyň, merhemetli nazarlaryň dolanýandygyny aýdyň dabaralandyrýar.

Joşgunly setirleri döwrümiz bilen sazlaşýan akyldaryň Gitmediň dünýä, San bolsam atly şygyrlarynda Neýlediň soltany, öldürdiň hany, Şahy-Keýkowusny, Rüstem-i Zalny, Jelaleddin Rumy, Jame ul-many, Alarnyň jaýynda men hem kän bolsam diýip, ýyllaryň dowamynda arzylanyp gelýän ussatlaryň atlary hormat, buýsanç bilen ýatlanylýar. 2023-nji ýylyň 29-njy maýynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde agza döwletleriň teklipleri boýunça ÝUNESKO tarapyndan

2024-2025-nji ýyllarda bu Gurama bilen bilelikde bellenjek şanly seneleriň tertibi tassyklandy.Ara alnyp maslahatlaşmalaryň netijesinde, Ýerine ýetiriji geňeşiň Baş konferensiýasy tarapyndan ÝUNESKO-nyň gatnaşmagynda 2024-2025-nji ýyllar aralygynda halkara derejesinde şanly seneleri dabaraly belläp geçmegiň çözgütleri barada taryhy kararlar kabul edildi we tassyklandy.

Olaryň arasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belläp geçmek baradaky, Jelaleddin Rumynyň eserleriniň külliýaty atly ýygyndylaryň ÝUNESKO-nyň Dünýä hakydasy atly halkara sanawyna goşulandygy hakyndaky, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň söýüp ezizlän, hormat goýup hatyralan, mertebeli ömürleri hem-de döredijilik ylhamyna güýç beren sahawat daragtynyň kökleriniň mähriban Watanymyz bilen bagly bolan Keý Kowusyň doglan gününiň 1000 ýyllygyny belläp geçmek hakyndaky taryhy çözgütleriň bilelikde bir tapgyrda tassyklanmagy, akyldarlaryň şanly seneleriniň sebitde utgaşykly toýlanmagy, döwürleriň şöhratly ykballary, keremli pursatlary bilen söýündiriji duýgularda, baýramçylyklarda sazlaşmagy köpleriň göwün guşuny ganatlandyrdy.

Dädebaý Pälwanow,

Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.

Ýene degişli makalalar

Setirleri döwürleri bezeýän dana
Täze kitap neşir edildi
Edebiýatçy alymyň täze kitaby neşir edildi
Täjik edebiýaty
Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy geçirildi