Setanta Sports teleýaýlymy Ýagşymuradow bilen Karwalýonyň tutluşygyny göni ýaýlymda görkezer

Setanta Sports teleýaýlymy Ýagşymuradow bilen Karwalýonyň tutluşygyny göni ýaýlymda görkezer

16-njy aprelde agşam ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Hose şäherindäki SAP center arenasynda garyşyk söweş sungatynyň Bellator 277 ýaryşy geçiriler. Bu ýaryşyň çäginde türkmen MMA türgeni Döwletjan Ýagşymuradow bilen braziliýaly Rafaýel Karwalýonyň arasynda hem tutluşyk bolar.

Bellator 277 ýaryşy Setanta Sports teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda tomaşaçylara ýetiriler. Teleýaýlym Älem TV sputnik telewideniýesinde hem elýeterlidir.

Şonuň ýaly-da, Bellator 277 ýaryş gününiň deslapky tutluşyklarynyň hatarynda boljak Ýagşymuradow bilen Karwalýonyň arasyndaky tutluşyk Bellatoryň YouTube platformasyndaky resmi kanaly arkaly hem tomaşaçylara hödürlener. Deslapky tutluşyklar 16-njy aprelde Aşgabat wagty bilen 04:00-da başlanar. Ýaryş gününiň esasy tutluşygy bolsa sagat 07:25-e meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Döwletjan Ýagşymyradow — Simon Biýong: bu tutluşykdan nämä garaşmaly we oňa nähili tomaşa etmeli
Matç TW Ispaniýanyň çempionatyny göni ýaýlymda görkezmek hukugyny ýedi ýyllyk satyn aldy: bu çempionata Türkmenistandan nähili tomaşa edip bolar?
19-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanda täze utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berildi, Türkmen howa ýollary Aşgabat Abu-Dabi ugry boýunça uçuşlary amala aşyrar, Aşgabatda gazak şahyrynyň ýadygärligi peýda bolar we beýleki habarlar
Şazada Ataýew MMA-däki ilkinji tutluşygyna çykýar
Habibiň ligasyndaky türkmen türgeni çempionlygy maksat edinýär
Türkmenistanly türgen Yslam Rahmedow Soçide geçirilen kikboksing ýaryşyna gatnaşar