Sesleriň köplügine eýe boldy

Özbegistanda geçirilen parlament saýlawlarynda dolandyryjy liberal demokratik partiýasy sesleriň köplügine eýe boldy. Bu barada Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew habar berdi.

Özbegistanyň taryhynda ilkinji gezek parlament saýlawlary garyşyk saýlaw ulgamy – mažoritar we proporsional esasda geçirildi. Saýlawlaryň netijesinde bäş partiýanyň hemmesi Respublikanyň parlamentine girdi.

-Deslapky netijeler partiýalaryň sanawy boýunça şeýle tertipde: Özbegistanyň Liberal-demokratik partiýasy -“Telekeçileriň we işewür adamlaryň hereketi” 34,75 göterim, Özbegistan demokratik partiýasy “Milliý Tiklaniş” 18,82 göterim, Özbegistanyň Sosial-demokratik partiýasy “Adolat” 16,2 göterim, Özbegistan Halk-demokratik partiýasy 13,12 göterim, Özbegistanyň ekologiýa partiýasy 13 göterim sese eýe boldy diýip, Zaýniddin Nizamkojaýew aýtdy.

Şeýle hem, ol mažoritar ulgam boýunça berlen sesleriň netijelerini mälim etdi. “Netijelere esaslanyp, Özbegistanyň Liberal-demokratik partiýasy sesleriň 42,7 göterimini we parlamentdäki 64 orny eýeledi diýip, ol belledi.

Saýlawlara gatnaşyk 74,72 göterime deň boldy.

Ýene degişli makalalar

Özbegistanyň Merkezi saýlaw topary Parlamente saýlawlaryň deslapky netijesini yglan etdi
Şawkat Mirziýoýew Gaýtadan Prezidentlige Saýlandy
Özbegistanda täze ulgam boýunça saýlaw geçiriler
Sosial-demokratik partiýasy ýeňiş gazandy
Dalaşgär hökmünde bellige alyndy
Sagçy konserwatorlar ýeňiş gazandy