Akademik Korolýow adyndaky Samara milli barlag uniwersitetiniň alymlary elektrik gurluşlarynyň sesini elektrik toguna öwürmegiň usulyny tapdylar. Bu barada ferra.ru habar berdi.
Hünärmenler ýörite mikroelektrik stansiýasyny döretdiler. Şeýle gurnama demir ýol lokomotiwleriniň, deňiz gämileriniň ýa-da porşen kompressorlaryň hereketlendiriji ulgamlarynyň işleýiş ulgamlaryna ýerleşdirilip bilner.Ol ses tolkunlarynyň energiýasyny elektrik toguna öwürmek pikirine esaslanýar.
Alymlar eýýäm mikroelektrik stansiýasynyň prototipini düzdüler.Uzynlygy üç metre golaý polipropilen turbadan durýar.Onuň içinde elektrik generatory bilen herekete getirýän turbina ýerleşýär.Turbanyň bir ujuna ses çeşmesi berkidilýär (synaglaryň dowamynda subwoofer).
Ses titremeleri turbinany aýlaýar.Synaglar 20 watt töweregi sesiň 13 müň aýlawda turbinany öwrüp biljekdigini görkezdi.Munuň özi 2 watt töweregi elektrik almaga mümkinçilik berýär.